Türkmen Lideriniň diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy | TDH
Teswirlemeler

Türkmen Lideriniň diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy

опубликовано 16.09.2019 // 551 - просмотров
 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma eýe bolandygynyň subutnamasydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş edýän türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär, ol çuňňur taryhy köklere, milli durmuş aýratynlyklaryna hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir.

«Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalary hödürleýär we amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji ýörelgeleri onuň baş aýratynlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Türkmenistan 1995-nji ýylda Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwründen bäri BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, Milletler Bileleşiginiň taglymlaryny we ýörelgelerini Merkezi Aziýada ornaşdyrmagyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda barha ösýän netijeli hyzmatdaşlykda täze eýýamy açdy. Bu merkeziň alyp barýan işleri netijesinde sebit giňişliginde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna oňyn mümkinçilikler emele geldi.

BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa bu ugurda biziň ýurdumyzyň tejribesini has giňden ýaýratmak üçin peýdaly diýip ykrar edilmeginiň ýene bir tassyknamasydyr.

Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe bolanynda, bu çözgüt dünýä bileleşigi tarapyndan makullanmak bilen kabul edildi. Emma ýurduň öz-özüni çetleşdirmegi baradaky pikirler hem aýdylyp başlandy. Häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde durmuşa geçirilýän daşary ykdysady syýasat iş ýüzünde şunuň ýaly çaklamalaryň hakykata laýyk gelmeýändigini görkezdi.

Mundan başga-da, häzirki zamanyň has ähmiýetli meseleleri boýunça Türkmenistan dürli görnüşlerdäki gepleşikleriň umumy ykrar edilen meýdançasyna öwrüldi. Ýakynda bolup geçen şeýle wakalaryň hatarynda birinji Hazar ykdysady forumyny hem-de GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisini mysal hökmünde görkezmek bolar.

Indiki aýda ýurdumyzyň sebit birleşiginde başlyklyk etmeginiň çäklerinde Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri geçiriler. Türkmenistan GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyga Arkalaşygyň ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrmaga we goşmaça kuwwat bermäge, hyzmatdaşlygymyzy, taryhy, däp bolan gatnaşyklary täze many-mazmun bilen doldurmaga ýardam edýän gural hökmünde garaýar.

Halkara işlerde jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary diplomatik usullar arkaly çözmäge, adalatly we netijeli dünýä tertibini kemala getirmäge ýardam bermek Türkmenistanyň üýtgewsiz ýörelgesidir. Ähli umumylaşmak we «ynamyň pese düşen» eýýamynda dünýäniň esasy döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň düýpli ýitileşmegi, Ýer ýüzüniň ol ýa-da beýleki nokadynda ýüze çykýan jedelli meseleleriň ýüze çykýan döwründe şeýle garaýyşlar has durnuklaşdyryjy häsiýete eýe bolup durýar.

Ählumumy howpsuzlygyň we Durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça köpçülikleýin tagallalaryň birleşdirilmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bähbitleriň köpdürlüligi — maksatlaryň birligi» diýen pähimli sözler bilen Türkmenistanyň garaýşyny has anyk we kesgitli beýan etdi.

Türkmenistanyň geografiýa we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, onuň bitarap, parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki orny ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky oňyn araçy hökmünde derejesini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan syýasy, ynsanperwerlik we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleler, terrorçylyga garşy göreş boýunça köptaraply gepleşikleri alyp barýar, şeýle hem köp sanly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär.

Türkmenistan häzirki wagtda ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere, baý taryha we medeniýete eýe bolmak hem-de şonuň bilen bir wagtda, ýurduň ýolbaşçysynyň güýçli syýasy erk-islegine daýanmak bilen, diňe bir sebit derejesinde däl-de, örän möhüm, ählumumy häsiýete eýe bolan halkara çözgütleri işläp taýýarlamaga möhüm gatnaşyjy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklip eden we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda goldanylan täze başlangyjy hem Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň baş maksatlaryndan gelip çykýar. Munuň özi, hususan-da, sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ykdysady, energetika, ylmy we medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine söwda we maýa goýum işi üçin has amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Bitaraplyk — munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, durmuş ugurlaryny özünde jemleýän hemişe hereketde bolan, döredijilik işidir. Halkara gatnaşyklar ulgamynda ýitileşen meseleleri çözmegiň şunuň ýaly köpugurly guralynyň peýda bolmagy dünýäniň täze keşbiniň täze, düýpli binýatlaryny kemala getirmäge, möhüm meseleleri çözmekde has kämil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga hem-de üçünji müňýyllykda adamzadyň öňünde durýan wehimleriň jogabyny tapmaga ýardam berýär.

Häzirki döwürde döwletleriň arasynda ynanyşmak ýagdaýy nähili esaslarda döredilip bilner?

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ozaly bilen, munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegi, ruhy, medeni, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de bähbitleriň deňeçerligini kemala getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullaryny we gurallaryny döretmekdir.

Türkmenistan suw ýa-da energetika meseleleri, ulag ulgamy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň halkara syýasatynyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrunda başlangyçlary öňe sürmek bilen, çözgütleriň we geljekki ädimleriň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy binýat edinmegi teklip edýär. Has takygy, ýurtlar serişdeler, bazarlara çykmak ugrunda bäsdeşlik etmän, öz mümkinçiliklerini adalatly we aýanlyk ýagdaýynda, diňe bir beýleki döwletleriň däl-de, geljekki nesilleriň hem bähbitlerini hasaba almak bilen hereket etmelidirler.

Şunuň ýaly çagyryş BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynda hem beýan edilendir. Durnukly ösüş maksatlary boýunça Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzy bu maksatlara ýetmekde öňdäki orunlara çykarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Şu özara baglylykda, ol ýa-da beýleki ýurduň dünýä giňişliginde şygar edinýän maksatlary we iş ýüzündäki ädimleri, onuň daşary syýasy ugrunyň filosofiýasynyň düýp mazmunyna düşünmegiň guraly ýatyr.

Türkmen döwleti jemgyýetde, içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk, sabyrlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek hem-de durmuşa geçirmek bilen, daşarky dünýä bilen özara gatnaşyklarynda bu düşünjeleri netijeli ornaşdyrýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanýar, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň dowamatynyň we ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar.

Türkmenistanyň çärýek asyra golaý netijeli alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry diňe bir milli bähbitlere laýyk gelýändigini däl-de, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna halkara durnuklylygyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň oňyn, deňeçer çemeleşmeleriniň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine laýyk gelýändigini äşgär görkezdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine okgunly öňe barýan ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, ýaragsyzlanmagyň hem-de ýaraglaryň möçberlerini azaltmak babatynda sebit işlerine ýardam bermek ýaly örän möhüm meselelerde BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Türkmenistan halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyr.

Diňe hyzmatdaşlyk, özara jogapkärçilik, bilelikdäki tagallalar arkaly hereket etmek bilen, bu wehimlere garşy durup bolar, howpsuzlygyň bar bolan durnukly gurluşynyň esaslaryny berkitmek mümkindir.

Awtordaşlary hökmünde 73 döwlet çykyş eden BMG-niň Kararnamasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere halkara bileleşigi jebisleşdirmäge, hususan-da, durnukly parahatçylyga, raýdaşlyga we ýurtlaryň we halklaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam eder.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň tejribesinde köptaraplaýyn diplomatiýanyň hereket edýän netijeli guraly hökmünde özüni görkezen Bitaraplyk derejesi BMG-niň täze resminamasynda — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky kabul edilen Kararnamada has-da ösdürildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Государственное информационное агентство Туркменистана (TDH) - Туркменистан сегодня


Flag Counter