Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda | TDH
Teswirlemeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

опубликовано 14.10.2019 // 528 - просмотров
 

GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde köptaraply gatnaşyklaryň täze tapgyryny başlandygyny doly hukuk bilen aýdyp bolar. Paýtagtymyzda ýakyn onýyllyklar üçin sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň köp babatda barşyny we häsiýetini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçiren bu mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi. Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi.

Arkalaşygyň döwletleriniň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň duşuşygy heniz taýýarlyk tapgyryndaka Aşgabat Sammiti barada öz täzeliklerinde bildiriş berýän dünýäniň öňdebaryjy habarlar agentliklerinde gyzyklanma döretdi. Şoňa görä-de, 11-nji oktýabrda hem halkara habarlar jemgyýetçiliginiň we metbugat seljerijileriniň ünsi şoňa gönükdi. Arkalaşygyň dürli ýurtlarynyň bilermenleri Aşgabadyň eýeleýän netijeli, birleşdiriji ornuny hem-de GDA-da baştutanlyk edýän Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň deňhukukly gepleşikleri maksat edinýändigini bellediler.

Elbetde, GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini Arkalaşygyň ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de türkmen elektron neşirleri — tele we radioýaýlymlary, resmi we garaşsyz saýtlary has işjeň beýan etdiler.

RIA nowosti topary wakalaryň geçýän şol wagtynda işläp, ýurtlaryň Liderleriniň kabul edýän çözgütleri, bilelikdäki resminamalary, forumdaky çykyşlary hem-de sammitiň çäklerinde olaryň geçirýän duşuşyklary barada habar berdi.

Aşgabatdaky wakalar bilen öz köpçüligini Azerbaýjanyň REPORT habarlar agentligi dessine tanyşdyrdy. Ol Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň sammitde aýdan sözlerini getirdi. Hususan-da, ol ýurdy ösdürmek hem-de Aşgabady abadanlaşdyrmak işinde Türkmenistanyň Prezidentiniň eýeleýän şahsy ornuny belläp, şeýle diýdi:

— Bu ýerde köplenç bolýaryn, düýpli özgertmeleri, okgunly ösüşi, döwrebap düzümleri görýärin. Geçen gezek men Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdym. Bularyň ählisi kalbyňy şatlandyrýar hem-de raýatlar üçin sport bilen meşgullanmaga örän oňat mümkinçilikleri döredýär we ýurdy ösdürmek işine uly goşant goşýar, şeýle hem iri möçberli gurluşyklar haýran galdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir taslama özüniň gözegçilik edýändigini bilýärin, şoňa görä-de, şäher gülleýär hem-de şähergurluşygynyň täsin umumy binagärlik toplumy döredildi.

«Belarus SEGODNÝA» hem Belarus Respublikasynyň Lideri Aleksandr Lukaşenkonyň forumda çykyş edip, aýdan sözlerini getirip, Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk eden döwrüniň netijeli bolandygyny belläp, şeýle diýdi:

— Türkmenistan GDA-a baştutanlyk etmek gezegini kabul edip, täze möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şol başlangyçlaryň käbiri, hususan-da, strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama şu günki gün tertibiň esasy meselesi boldy.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň pikirine görä, bu resminamanyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň kuwwatyny jemlemäge, önümçilik-kooperasiýa we söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga ymtylmalary ýene-de bir gezek tassyklandygy örän möhümdir. Belarus döwletiniň Baştutany Minskiň möhüm ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy goldaýandygyny nygtady.

«Belarus SEGODNÝA» şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde energetika, senagat, ulag we söwda ýaly ulgamlarda iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmäge GDA-nyň ýurtlarynyň güýjüniň doly ýetjekdigine ynam bildiren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini getirdi.

Milli Liderimiz GDA-nyň geosyýasy we geoykdysady ýörelgelerini nazara alyp, yklymda başlangyçlar bilen çykyş edýän orny eýelemelidigine, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşmalydygyna ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň birinji mejlisinde Arkalaşygyň döwletlerini dünýä bazarlary bilen birleşdirýän döremegi mümkin boljak energetika, senagat, ulag we söwda geçelgelerine hem-de şolaryň ösdürilmegine ýykgyn edip, GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy baradaky meselä garamagy teklip etdi.

Şu Belarus neşiri hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň ikitaraplaýyn duşuşygynyň mazmuny barada okyjylara habar berdi. Şol duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler. Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen kärdeşine ýüzlenip: «Öňümizde biziň siz bilen hökman amala aşyrmaly heniz köp işlerimiz bar» diýip belledi.

«Westi.Ru»-nyň wideoreportažynda Türkmenistanyň we Russiýanyň strategiki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Muny iki ýurduň Prezidentleri hem, şeýle-de: «Aşgabat wagtlaýynça GDA-nyň paýtagty, millionlarça adamlaryň ykbalyna täsir edýän çözgütler kabul edilýän ýer boldy» diýlip, belent mertebeli myhmanlary mynasyp kabul eden türkmen paýtagtynyň gözelligi tassyklady.

«Westi.Ru»-nyň habarçysy howa menzilinde milli egin-eşikdäki çagalaryň rus Lideri Wladimir Putine däp bolan türkmen çöregini hödürländigini belledi. Günbatarda bolsa käwagtlar medeniýetleriň tapawudyny görmeýärler.

«Biziň öz däplerimiz, gatnaşyk etmegiň asyrlardan bäri ýola goýlan medeni görnüşleri bar. Şoňa görä-de, biz näme üçin muňa hormat goýmaly däl?» — diýip, Liderleriň geljek ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny giňden baýram etmegi ylalaşan sammitinde Wladimir Putin aýtdy.

«Türkmenistan hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň we ony baýram etmegiň esasy çärelerini durmuşa geçirmäge, gerek bolsa, ýardam bermäge hemmetaraplaýyn goldawa taýýardyr» — diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy diýip, «Russiýa 1» teleýaýlymy habar berdi.

«Diňe dogry ugurda» hereket. Aşgabatda GDA-nyň sammitiniň netijeleri» — şeýle sözbaşy bilen «Ritm Ýewrazii» neşiri öz teswirlemesini çap edip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat sammitini syýasy-ykdysady ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz diýip atlandyrdy. Munuň şeýledigine gatnaşyjy ýurtlaryň türkmen Lideriniň öňe süren strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamany kabul etmegi hem şaýatlyk edýär.

Aşgabat Jarnamasynyň anyk ugurlary barada aýtmaly bolsa, onda ol, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem forumda nygtaýşy ýaly, «kärhanalaryň arasyndaky gatnaşyklary höweslendirmek, hyzmatdaşlygyň pudaklaýyn ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin çäreleri we beýlekileri göz öňünde tutýar. Gürrüň, şol sanda... ýokary tehnologiýalar, bilelikdäki ulag düzümlerini, telekommunikasiýa ulgamlaryny, innowasion ösüşi, energetikany ösdürmek barada barýar».

«Ritm Ýewrazii» 2018 — 2019-njy ýyllarda Russiýa Federasiýasy hem-de Arkalaşygyň beýleki ýurtlary bilen söwdanyň hut Türkmenistanda has tiz ösendigini belledi. Özi-de, bu ulgamda ýokary goşulan bahasy bolan harytlaryň eksport/importunyň mukdary has uly depginler bilen artdy. «Hususan-da, Türkmenistan SSSR–iň öňki sebitlerine nebitgaz-himiýa, dokma, azyk pudaklarynyň köp sanly önümleriniň eksportuny artdyrýar. Munuň özi uzakmöhletleýin ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we eksport maksatnamasynyň düzüm bölegidir».

«Sammitiň esasy başlangyjy şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gürrüň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Aşgabat Jarnamasy barada barýar» — diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýar.

Jarnamany Belteleradiokompaniýa hem öz habarlarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edilen baş resminamalaryň biri hökmünde aýratyn nygtady. Onuň GDA-nyň özara söwdasynyň giňeldilmegine we ykdysadyýetleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigi bellenilýär.

Şunuň ýaly neşirler «AzerTaj», «Trend», «Uzreport», «UzA», «ArmenPress», «BelTA», «Interfax», «Sputnik», «Mir 24», TASS habarlar agentlikleriniň hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň beýleki döwlet habarlar gulluklarynyň täzeliklerinde ýerleşdirildi.

«RT» hem teswirläp bermeklerini haýyş edip, syýasatçylara ýüzlendiler. Olar dünýäniň täze gurluşygyň kemala gelýän şertlerinde GDA ýaly sebitleýin birleşmeleriň aýratyn ähmiýetini bellediler. «Munuň özi Arkalaşyga halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli meýdançasy bolup galmagyna mümkinçilik berýär» diýip, bilermenler hasaplaýarlar.

«GDA — bu aýratyn wezipesi bolan gurama bolup, onuň çäklerinde birek-biregiň bähbidini ylalaşmak bolýar». Synçylar sammitiň Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde hut Aşgabatda geçirilýändiginiň möhümdigini aýratyn belleýärler.

Bu köp sanly neşirleriň ählisi üçin umumy pikir: GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen Sammiti ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy nokatlaryny kesgitledi. Şolar hem Arkalaşygyň Liderleriniň gol çeken strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Jarnamasynda beýan edildi. Ol sanly ulgama geçmäge degişli ýetip gelýän ýagdaýlar nazara alnyp düzüldi diýip, bilermenler belleýärler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrüň we häzirki syýasy ýagdaýlaryň talap eden şeýle resminamasyny işläp taýýarlamak baradaky pikirine ýokary baha berýärler.

Halkara syýasatçylaryň we synçylaryň pikirine görä, GDA-da köptaraply gatnaşyklara täze depgin bermäge bolan maksatlar milli we sebit bähbitleriň sazlaşmagyna esaslanandyr hem-de dünýä ykdysadyýetinde Arkalaşygyň eýeleýän ornuny, abraýyny we täsirini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Umuman, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň dowamynda geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň häsiýeti, gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gatnaşyjylaryň oňyn meýli, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilip, gazanylan ylalaşyklar — bularyň ählisi Aşgabat forumynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara hereketlerini hil taýdan täze derejä çykarmak üçin badalga öwrüljekdigini tassyklamaga mümkinçilik berýär diýip, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri nygtadylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Государственное информационное агентство Туркменистана (TDH) - Туркменистан сегодня


Flag Counter