TESWIRLEMELER
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde köptaraply gatnaşyklaryň täze tapgyryny başlandygyny doly hukuk bilen aýdyp bolar. Paýtagtymyzda ýakyn onýyllyklar üçin sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň köp babatda barşyny we häsiýetini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçiren bu mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşe...