Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.07.2020 | Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýäris.


13.07.2020 | Täze şäherleriň we obalaryň gurluşygy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşanydyr

Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.


13.07.2020 | Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn-duşuşygy geçirildi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi.


12.07.2020 | Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýokarky dem alyş ýollarynyň şahsy goraglylyk serişdelerini ulanmagy maslahat berýär

Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli,


12.07.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.


10.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


10.07.2020 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


10.07.2020 | Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirdi

2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.


09.07.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.


09.07.2020 | Watansöýüjilik we edermenlik mekdebi: «Milli goşun» žurnalynda gahrymanlaryň edermenligine baky hormat

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter