Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Eýrana derman we saglygy goraýyş serişdeleri ugradar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan ynsanperwer kömek hökmünde Eýrana derman we saglygy goraýyş serişdeleri ugradar

опубликованно 17.11.2017 // 824 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly ynsanperwer kömegi bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwer kömek hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter