Türkmenistanyň Prezidenti RECCA VII-iň jemlerine ýokary baha berdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti RECCA VII-iň jemlerine ýokary baha berdi

опубликованно 17.11.2017 // 804 - просмотров
 

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde 14–15-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) netijelerine garaldy.

Wise-premýeriň, DIM-iň baştutany R. Meredowyň habar berşi ýaly, foruma Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa, Amerika ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we düzümleriniň, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, iri bank-maliýe edaralarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Iki günlük maslahatyň barşynda goňşy döwletiň sebit we sebitara hyzmatdaşlyk işlerine goşulyşmagy boýunça meseleleriň giň gerimine garaldy.

Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm wakasy boldy. Bu täze halkara ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder.

RECCA VII maslahatynyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Onda gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalaryň sebitde hem-de sebitara giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Owganystanyň parahatçylykly ösmegine ýardam bermek boýunça halkara tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek işinde Aşgabatda geçen Maslahatyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlap, dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda oňa mundan beýläk-de yzygiderli kömek berjekdigini belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter