Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 08.04.2015 // 933 - просмотров
 

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatiki işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut — Wolfgang Bretti kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna işlän ýyllarynyň dowamynda bildirilen göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Germaniýanyň ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-german gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, hakyky dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mäkäm binýadynda ýola goýlan häzirki zaman döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz we GFR-iň doly hukukly wekili ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda syýasy, medeni-gumanitar ugurlarda, aýratyn-da, özara hereket etmegiň uly oňyn tejribesi toplanan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda soňky ýyllarda türkmen-german gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrmaga özara meýillerini tassyklap, döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ykdysady ulgamy, ylmy, bilimi, medeniýeti we beýleki birnäçe pudaklary kesgitlediler.

Ilçiniň belleýşi ýaly, iki döwletiň özara gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynamly alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijesinde belent sepgitlere çykdy. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmek şol ugruň möhüm tarapy bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji syýasatyny, türkmen Lideriniň bütin dünýäde durnuklylyga gönükdirilen başlangyçlaryny goldap, Germaniýa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek uly çärelere gatnaşmaga meýillidir diýip, GFR-iň doly hukukly wekili aýtdy.

Germaniýanyň ilçisi şu ýyllaryň içinde diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde Türkmenistanda üstünlikli işlemäge beren ýardamy we goldawy üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Siziň ajaýyp ýurduňyzda işlemek meniň üçin uly mertebe boldy. Türkmenistanda işlän ýyllarymda meniň türkmen halkyna hormatym artdy, türkmen halky baradaky mähirli ýatlamalar meniň kalbymda hemişelik galar— diýip, jenap Helmut — Wolfgang Brett aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa saglyk, bagt we uzak ömür, türkmenistanlylara bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň öňde goýan belent maksatlaryna ýetmäge tarap ýolda täze üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter