Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna Kuweýt Döwletine gelip görmäge çakylygyny kabul edenligi üçin hoşallyk bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah türkmen döwletiniň Baştutanyna Kuweýt Döwletine gelip görmäge çakylygyny kabul edenligi üçin hoşallyk bildirdi

опубликованно 22.11.2017 // 759 - просмотров
 

Kuweýt Döwletiniň Emiri Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda oňat derejeli gatnaşyklaryň bardygyny kanagatlamak bilen belleýärin hem-de iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki gyzyklanmany aýratyn nygtamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize Kuweýt Döwletine resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygymyzy kabul edenligiňiz üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini netijeli ara alyp maslahatlaşmakda, köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňelmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistana hem-de türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter