Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 24.11.2017 // 1158 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny giňden beýan etmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalyny döretmek teklip edildi. Pudaklaýyn neşiri geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap etmek göz öňünde tutulýar. Žurnalyň işini guramak üçin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda onuň redaksiýasyny döretmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, giň jemgyýetçiligi düýpli özgertmeler we ösüşler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan belent üstünlikleri bilen tanyşdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze žurnalyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekip, degişli resminama gol çekdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer binagärlik, şähergurluşyk we bag-seýilgäh sungaty eserlerine awtorlyk hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, teklip edilýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, awtorlyk hukugynyň obýektleriniň bellige alynmagy, patentleriň hem-de şahadatnamalaryň berilmegi üçin milli we daşary ýurt pulunda ýygymlary almak, şeýle hem bu barada bellenilen tertipde düzgüni tassyklamak teklip edilýär.

Milli Liderimiz awtorlyk hem-de garyşyk hukuk gatnaşyklary ulgamynda döwlet tarapyndan dolandyryş meseleleriniň çözülmeginiň ähmiýetini
hem-de onuň dürli ulgamlarda döredijiligiň ösdürilmegi üçin hukuk şertleriniň döredilmegine ýardam etjekdigini belläp, birnäçe anyk teklipleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu meseläniň has içgin öwrenilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de 2—4-nji dekabr aralygynda importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Sergide dürli pudaklar – nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we azyk senagaty, saglygy goraýyş ulgamlary we beýlekiler üçin döwrebap enjamlar görkeziler. Sergi lazer we elektron tehnologiýalary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen Türkmenistanda çykarylýan önümleri mahabatlandyrmaga hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Wise-premýer 4—5-nji dekabrda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 9-njy mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Maslahata döwlet edaralarynyň hem-de energetika, maşyngurluşyk, gurluşyk materiallary, oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda, awtoulag ýollarynyň, köprüleriň gurluşygynda, programma üpjünçiligi, ulag hem-de logistika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewürler çärelerini geçirmek babatda görkezme berip, olaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalara badalga bermäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz uzakmöhletli hyzmatdaşlyk, geljegi uly taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek üçin hünär derejesinde esasyň goýulýandygyny belläp, wise-premýere serginiň hem-de Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew 20—21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň barşynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň, kuwwaty 500 kwt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagynyň goňşy döwletiň ykdysadyýetini dikeltmek üçin esasy şert bolup durýandygyna ynam bildirip, TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz şeýle iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsir etjekdigini hem-de olaryň dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Owgan ugrunda elektroenergetika düzümini ösdürmek boýunça ädilýän anyk ädimler hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň saldamly goşandy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu taslamalaryň üstünde içgin işlemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek barada geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň raýatlaryna oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny, şeýle hem şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksady bilen, ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Bu gazna “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda" bellenilen wezipelerden ugur alnyp döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem ýer gaznasyny döretmek baradaky meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz ýer bölekleriniň şäher we oba ilatynyň hususy eýeçiligine berilmeginiň olaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy—ahalteke bedewlerimizi dünýäde wagyz etmek babatynda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Türkmen bedewleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrylmagy milli we dünýä medeniýetiniň ykrar edilen täsin gudraty, gözelligiň, çeýeligiň hem-de ýyndamlygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk bellikleri aýdyp, wise-premýere “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bu ugurdaky işini işjeňleşdirmek babatynda tabşyryk berdi. Biziň bedewlerimiz ähli halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrylmalydyrlar, diňe bir gatnaşmak bilen çäklenmän, baýrakly orunlara hem mynasyp bolmalydyrlar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň hem ýagdaýynyň şeýledigini belläp, dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli tohumly itleriň sergileriniň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alabaýlarynyň şeýle sergi-bäsleşiklere gatnaşyp, köp sanly medallara we baýraklara mynasyp boljakdygyna, dünýäde has-da giň meşhurlyk gazanjakdygyna ynam bildirip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagatynyň kärhanalaryny 2018-nji ýylda pagta süýümi bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Häzirki wagtda dünýäde dokma önümleriniň öndürilişiniň möçberi olara bolan isleglerden has ýokary bolup durýar. Munuň özi bu önümleri ýerlemekde uly bäsdeşligi döredýär. Çig mal boýunça oýlanyşykly nyrh syýasaty bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki islegleri kanagatlandyrmak üçin hem-de daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek wezipelerini çözmekde dokma senagatyna möhüm orun degişlidigini belledi. Milli Liderimiz pudagyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmek, kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen dokma önümleriniň daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde möhüm çäreleriň görülýändigini aýtdy we bu ulgamdaky meseleleriň çözülmegini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz himiýa pudagynda işleriň depgininiň pesdigini aýdyp, olary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri görmek barada görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, elektrik stansiýalarynda meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de könelişen enjamlary çalyşmak maksady bilen, Energetika ministrligi “Türkmenenergo” elektroenergetika korporasiýasynyň garamagyndaky elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça häzirki wagtda pudagyň hünärmenleri zerur işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi, täze zawodlaryň gurulmagy, uly we kiçi ilatly ýerleriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, elektrik energiýasyna bolan islegleriň barha artýandygyny belledi. Halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy pudagynda hem çuňňur özgertmeler hem-de düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär, önümçilik we durmuş ulgamyny ösdürmegiň, ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady döredilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem bu pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly üns berjekdigini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iri möçberli meýilnamalaryň amala aşyrylmagynda bu pudaga aýratyn orun degişlidigini aýtdy.

Ýokary hem-de has ýokary ölçegler boýunça işleýän häzirkizaman elektrik stansiýalarynyň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň has netijeli işlemegine ýardam berýän ugurlary kesgitlemäge hem-de işe ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen baglylykda, elektroenergetika pudagynda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň we serişdeleriň peýdalanylmagyna, dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Owganystanyň çäginde demir ýoly gurmak işlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde Turgundy portuny ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan ýörite iş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy, oňa laýyklykda ýurdumyzyň gurluşykçylary Owganystanyň çäginde polat ýoly tapgyrlaýyn çekerler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň parahatçylykly we durnukly durmuşa ymtylmasynda owgan halky bilen raýdaşdygyny aýdyp, häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynyň hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini belledi. Munuň özi bolsa özara gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Owganystanyň çäginde demir ýoly gurmak işlerine taýýarlyk görmek baradaky meselä ünsi çekip, demir ýol düzüminiň ähli desgalarynyň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmelidigini hem-de ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýoluň gurluşygynda işlejek hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz demir ýoly öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri, olara gabatlanyp durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Çäreleriň meýilnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar girýär. Däp boýunça dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýaş estrada aýdymçylarynyň hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemi jemleniler.

Awstriýanyň we ýurdumyzyň sazandalarynyň bilelikdäki konserti, Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahatlary, Russiýa Federasiýasynyň sirk toparynyň çykyşlary halkara çäreleriniň hatarynda görkezildi. Täze ýyl baýramyna iri möçberli medeni maksatnama taýýarlanyldy. 15-nji dekabrda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we medeni-köpçülik dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Olaryň ählisi köpöwüşginli hem-de many-mazmunly bolmalydyr, diňe bir paýtagtymyzy däl-de, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alyp, halkymyzy ruhlandyrmalydyr we jebisleşdirmelidir.

Wise-premýerler A.Garajaýewe we S.Toýlyýewe ýurdumyzyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini guramak, bu maksat bilen gysga wagtyň içinde dünýä belli institutlar bilen gepleşikleri geçirmek babatynda aýratyn tabşyryklar berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle ekspedisiýalar näçe köp guralsa, şonça-da edermen türkmen halkynyň şöhratly taryhyny açyp görkezýän täze açyşlar köp bolar. Döwlet Baştutanymyz biziň topragymyz taryhy gadymyýete uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýär, geçen asyrlaryň köpsanly syrlaryny we wakalaryny özünde saklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu syrlaryň, wakalaryň üstüni açmak bilen, özüniň örän baý taryhyna bütin dünýäniň gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden Ýaşlar baýragyny bermek hem-de ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawuny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz dil babatdaky taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin uly artykmaçlykdygyny, onuň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygyny, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi üçin konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň, mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 28—29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, strategiki ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Häzirki wagtda ýurdumyz bu ulgamda kabul edilen möhüm halkara resminamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpsanly duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu babatda Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlyklygyna saýlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň degişli Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Mejlisiň meýilnamasyna laýyklykda, onuň işi iki bölümden – hukuk we ministrler böleginden ybarat bolar. Forumyň gün tertibine Energetika Hartiýasynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we geljegiň durnukly energetikasyny üpjün etmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.

Milli Liderimiziň energetika ulgamynda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Jemleýji resminamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Forumyň çäklerinde pudaklaýyn sergi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Bitarap Türkmenistanyň, energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýändigini belledi. Şu maksat bilen, ýurdumyz köp ugurly turba geçiriji ulgamy döretmek arkaly energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary üstünlikli amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda netijeli, özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan halkara gatnaşyklaryň uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Energetika Hartiýasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Başlyklyk ediji ýurt hökmünde kabul etjek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy we döwrüň talabyna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny kemala getirmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda öňümizdäki forumyň ähmiýetini belledi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, Türkmenistanyň Mejlisiniň 25-nji noýabrda geçiriljek 25-nji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Milli parlamentiň 25-nji maslahatynyň gün tertibine “Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine gönükdirilen beýleki birnäçe kanunçylyk taslamalary giriziler.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ähli işiniň jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saýlan wekilleriniň baş wezipesiniň döwletimiziň ileri tutulýan durmuş ugurlaryny kanunçylyk taslamalarynda jemlemekden ybaratdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ykdysady ösüşiniň, ýurdumyzyň ösüşiň hem-de abadançylygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda aýratyn ähmiýetini belledi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň halkyna bolsa Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda rowaçlyk hem-de bagtyýar durmuş arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter