Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

опубликованно 03.04.2015 // 989 - просмотров
 

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, onda degişli hasabatlaryň diňleniljekdigi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýat häkimlikleriniň işiniň seljeriljekdigini, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha beriljekdigini, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere serediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine, sebitleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze önümçilik desgalarynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem hasabatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemmesiniň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Şunlukda, 2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri jemi içerki önümiň durnukly we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy. Milli ýkdysadyýetimiziň ähli pudaklary diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijilerine eýe boldy.

Hasabat döwründe bölek söwdanyň görkezijisi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,9 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri deňeşdirilende maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri ýokarlandy. Düýpli maýa goýumlaryň möçberleriniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 36,5 göterim möçberinde boldy.

Hasabat döwründe möhüm maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirilmäge gönükdirildi, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.

Şu ýylyň birinji çärýeginiň gazanylan netijeleri ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ýkdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan gaýtadan işleýän innowasion düzüme öwrülmegine gönükdirilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan alnyp barlan işeriň netijeleri hem-de gazanylan ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde 2014-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende pudaklaryň köpüsinde ýokary görkezijileriň gazanylandygy bellenildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,9 göterim, tebigy gazyň çykarylyşy 105 göterim, nebitiň çykarylyşy 110 göterim, benziniň öndürilişi 100,9, kerosiniň öndürilişi 100,4, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 102,5 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 101,1, polipropileniň öndürilişi 100,2 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 100,4 göterim, nebit bitumynyň çykarylyşy 118,4 göterim, plasmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň çykarylyşy 108,7 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 192,5 göterim, ýod önümçiligi 103,1 göterim, sementiň çykarylyşy 111,2 göterim, magdan däl gurluşyk materiallarynyň önümçiligi 126,8 göterim, nah ýüplükleriň çykarylyşy 109,8 göterim, nah matalaryň öndürilşi 110,2 göterim, derman serişdeleriniň çykarylyşy 108,9 göterim artdy.

Obasenagat toplumy üçin hem oňyn ösüş depginleri häsiýetlidir. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň we gök önümleriň önümçiliginiň ösüşi üpjün edildi. 2015-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä iri şahly mallaryň we dowarlaryň, guşlaryň baş sanynyň köpelendigi bellenilýär.

Gurluşyk pudagynda iri maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokary görkezijiler gazanyldy. Garalýan döwürde ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,2 göterim artdy.

Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýerine ýetirilen ýük daşalyşynyň möçberiniň ösüşi geçiriji turba ulagyny hasaba almanyňda 4,6 göterime ýetdi, ýolagçylaryň gatnadylyşy bolsa 102,5 göterime deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlar üçin girdejileriň möçberi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 göterim ýokarlandy.

2015-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda nebitgaz we himiýa pudaklarynyň, energetika, obasenagat toplumynyň, ulag-aragatnaşyk pudagynyň hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň iri senagat desgalarynyň gurluşyklary we durkuny täzelemek işleri yzygiderli depginler bilen berjaý edildi. Şular bilen birlikde ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşaýyş-durmuş we düzümleýin ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi. Statistiki seljermeleri geçirmegiň usullaryny, statistiki hasabatlary halkara ulňülerine laýyklykda taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen zerur bolan çäreler görülmelidir diýip nygtady. Statistiki işleriň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerinpe ýetirilişi, şeýle hem 2015-nji yylyň ýanwar-mart aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Döwlet býujeti girdejiler boýunça 104,4 göterim, çykdajylar boýunça bolsa meýilnama 91,2 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Şeýle hem şu döwürde býujet serişdeleriniň 77,3 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi.

Ýerli býujetler girdejiler boýunça 103,7 göterim, çykdajylar bolsa 93,6 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Merkezi, pudaklaýyn we sebitleriň balans toparlarynyň 29 mejlisi geçirildi we olarda 33 ministrligiň, pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem 45 kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi we degişli çözgütler kabul edildi.

Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak,
maliýe-býujet pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we täze býujet ulgamyna geçmäge taýýarlyk görmek boýunça okuw maslahatlary, degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem maliýe ministri ätiýaçlandyryş işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň milli ulgamyna geçmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe pudagynyň guramaçylyk-edara ediş işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, makroykdysady deňeçerligi saklamak ykdysady syýasatyň möhüm wezipeleri bolup durýar diýip bellemek bilen, ykdysadyýetde ähli serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy bu işleriň üstünlige beslenmegini şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny kanagatlanarsyz ýerine ýetirmegi bilen baglylykda malie ministrine nägilelik bildirip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz M.Muhammedowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada durup geçdi.

Habar berlişi ýaly, şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň ýyllyk meýilnamasy 35,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji Ahal welaýaty bounça 28 göterime, Balkan welaýaty boýunça 25,5 göterime, Daşoguz welaýaty boýunça 37,7 göterime, Lebap welaýaty boýunça 56,6 göterime, Mary welaýaty boýunça 33,8 göterime barabar boldy. Ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda göz öňünde tutulan durmuş-medeni maksatly binalardan we desgalardan 4-si gurlup, ulanmaga berildi, häzirki wagtda olaryň 148-sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, 91,6 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 228,1 kilometr suw geçirijileriniň, 44 kilometr awtomobil ýollarynyň, 325,3 kilometr gaz geçirijileriniň, 513,4 kilometr elektrik geçirijileriniň, 604,5 kilometr telefon ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli özgertmeler maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipelere ünsi çekdi. Onuň esasy maksady, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekden, sebitlerde döwrebap durmuş düzümini döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we döwletimiziň göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmegine ägirt uly býujet serişdelerini gönükdirýändigini belledi.

Muňa garamazdan, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bu giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň özleşdirilişine ýeterlik derejede gözegçiligi amala aşyrmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz B.Abdylhekimowyň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi babatda nägilelik bildirip, oňa berk käýinç yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, ýol berlen kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygy A.Annadurdyýew bank ulgamynda şý ýylyň üç aýynda ýerine ýeririlen işleriň netijeleri, milli manadymyzyň durnuklylygyny saklamak üçin durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hasabyna şu ýylyň birinji çärýeginde gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, bu görkeziji hasabat döwründe 101,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň edaralaryna döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri çekmek, maliýe hasabatyny halkara ülňülerine laýyk derejede alyp barmak, ýokary hünärli bank işgärlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin özara peýdaly esasda maliýe serişdelerini çekmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary mnudan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň birinji çärýegindäki işiniň jemleri barada aýtdy. Şu döwürde Mejlisiň bir maslahaty geçirildi, şonda Kanunlaryň 26-sy we Kararlaryň 19-sy kabul edildi, bular döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bilen baglylykda we milli Liderimiziň başlangyjy esasynda hukuk boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde milli kanunçylyk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam bermegiň hukuk esasynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak dowam etdirilýär.

Şeýle hem milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy, şonuň çäklerinde raýatlardan, döwlet edaralaryndan we beýleki guramalardan gelip gowuşýan teklipleri seljermek, öwrenmek we tertipleşdirmek amala aşyrylýar.

Şeýle hem Geňeş agzalarynyň nobatdaky ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly iş dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygy hem bellenildi. Beýleki ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurtlaryň milli parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakyndaky kararynyň kabul edilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de sazlaşykly amala aşyrmak maksady bilen, milli kanunçylyk --hukuk binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça Mejlisiň işiniň, deputatlaryň Türkmengistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň işine işjeň goşulyşmagynyň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Milli Liderimiz möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça kanunçykaryjylyk işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyp, bu ýerde häzirki döwürde strategiki maksatlar we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasy görkeziji bolmalydyr diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti deputatlaryň ýerlerdäki işine ünsi çekip, olaryň ýerli häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen özara arkalaşykly hereket etmeginiň, şeýle hem parlamentarileriň öz saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşmagynyň möhümdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Minstrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda maýa goýumlary we gurluşyk boýunça hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna meýilnama 1459,92 million manat bolup, hakykatda 1898,03 million manatlyk maýa goýum özleşdirildi, ýagny degişli meýilnama 130 göterim möçberinde ýerine ýetirildi hem-de geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireiňde şu görkeziji boýunça ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.

2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini
101,8 göterime barabar boldy. Şäheri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlara degişli meýilnama 157,3 göterim, döwlet serişdeleriniň hasabyna meýilnama 123,9 göterim möçberinde berjaý edildi.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna göz öňünde tutulan maýa goýumlary 3 esse artyk möçberde özleşdirildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 9 esse köpdür.

2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde şäheriň etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe edara binalarynyň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durky täzelenilýär hem-de inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde goýlan maksatlara ýetilmeginiň we wezipeleriň berjaý edilmeginiň Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hem-de sebitdäki we dünýädäki halkara durmuşynyň merkezi hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ugurda entek çözülmedik meseleleriň birnäçesiniň bardygyny hem-de ak mermerli paýtagtymyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna, gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli gulluklaryň dolandyrylmagyny meýilleşdirmegiň netijeli ulgamyny we usullaryny, bazar gatnaşyklary, maýa goýumlary çekmek, şu ugurdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmak üçin oňaýly şertleri döretmegiň şäher hojalygyny özgertmegiň esasy ýörelgelerine öwrülmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 112 göterime, ösüş depgini bolsa 115,8 göterime barabar boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýükleri daşamakda 100,1 göterime, ýolagçylary gatnatmakda bolsa 101,1 göterime barabar boldy. Habar berlişi ýaly, içki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenbaşy-Türkmenabat demir ýolunyň bir böleginiň durky düýpli täzelendi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam etdirilýär, Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili hem gurlup, ulanmaga berildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 129,3 göterime deň boldy.

2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105 göterim üpjün edildi. Şol döwürde ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 159 müň, şol sanda 148 müň öýjükli belgi, 4,5 müň radiotelefon belgi we 6,5 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,4 esse ýerine ýetirildi. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe 637,9 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 120 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 106,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,1 göterime deň boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 135 göterime barabar boldy.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň, Aşgabat we Türkmenabat halkara howa menzilleriniň we Türkmenbaşy şäherindäki täze halkara deňiz portunyň, 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 5 ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köp ugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini tassyklamak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
döwletimiziň bu ulgamy tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň ýokary hilini üpjün etmek babatda gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu pudagy dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler we sazlaşykly işlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwrunde önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 135,5 göterim berjaý edildi.

Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde önüm öndürmek işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 137,3 göterim, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 107,7 göterim boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça agzalýan döwürde degişli görkezijiler boýunça ösüş depgini 105,8 göterimden ybarat boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 111,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge uly maýa goýumlary gönükdirip, ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin hemme şertleri döredýändigini belledi. Diňe bir senagat kuwwatlyklaryny ösdürmän, eýsem-de, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň berjaý edýän işleriniň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmeli guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.

Awtoýollaryň düzümini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada aýdyp, milli Liderimiz häzirki zamanda uly awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň uly gerim bilen amala aşyrylýandygyny nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolan wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň durmuş-hal ýagdaýynyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir bolup durýandygyny belläp, adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça ähli zerur şertleriň ýola goýulmaldygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçiligindäki senagat pudagynyň düzümleriniň işleri, şu ýylyň ilkinji üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça onuň pudaklarynyň görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça önüm öndürilişiniň meýilnamasy 125,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,1 göterime deň boldy. Hususan-da, semendiň öndürilişi boýunça 111,2 göterim, magdan däl materiallaryň öndürilişi boýunça 136,3 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 109,3 göterim, gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 112 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 113,1 göterimi berjaý edilip, çykarylan önümleriň möçberiniň ösüş depgini 101 göterim boldy. Onuň aýry-aýry görnüşlerini, ýagny nah ýüplügini öndürmekde 109,8 göterim, nah matalarynyň önümçiliginde 110,2 göterim, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi boýunça 104,1 göterim, ýüpek matalarynyň öndürilişi boýunça 100,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan ýanwar-mart aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 112,5 göterime deň boldy. Çärýek meýilnamasy 113,6 göterim berjaý edildi. Pudagyň kärhanalary tarapyndan 10 müň 515 inedördül metr haly önümleri dokalyp, gazanylan ösüş 11 göterimden geçdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň şu ýylyň ilkinji üç aýy boýunça önümçilik meýilnamasy 127,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 228, 4 göterime deň boldy, ýagny çykarylýan himiýa önümleriniň möçberi 2,3 esse diýen ýaly artdy: mineral dökünleriniň öndürilişi boýunça 1,9 esse, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 103,1 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 105,4 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 110,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 136,6 göterime, hususan-da, balyk tutmak boýunça 144,1 göterime, gaýtadan işlenilen önümleri çykarmak boýunça 118,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat toplumyny ösdürmek babatda döwlet strategiýasynyň baş maksadynyň ilatyň iş bilen meşgullanmagynyň hem-de durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň, sebitleriň durmuş-ykdysady mümkinçiliginiň we ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň üpjün edilmegi bolup durýandygyny belläp, çig mal serişdelerini netijeli özleşdirmegiň ylmy çemeleşmeler hem-de hojalygy yhlasly dolandyrmagyň döwrebap usullary esasynda alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Şu babatda wagt bizden senagat pudaklarynyň toplumlaryny ösdürmegi hukuk, maglumat, serişdeler we dolandyryş taýdan üpjün etmek boýunça aýgytly çözgütleri we ylalaşykly hereketleri talap edýär diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de senagat pudagynda ösüşi has işjeň höweslendirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri we ýagdaýlary örän düýpli häsiýetde seljermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilişiniň möçberlerini has-da artdyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmegiň takyk meýilnamalaryny işläp düzmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanan görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 110 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 105 göterime, daşary ýurtlara ugradylýan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini bolsa 106,5 göterime barabar boldy. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,6 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit önümleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi ýokarlandy. Buraw işleriniň möçberi 76,8 göterim artdy. Hasabat döwründe Ruhabatdaky turba zawodynda polietilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi artyp, ösüş depgini 108,3 göterim üpjün edildi.

Şeýle hem nebitgaz ulgamynda maýa goýumlarynyň özleşdirilişi we kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryň oturdylyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premeýre nebitgaz senagatynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, energiýa geçirijileriniň we döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmäge aýratyn üns berilmelidir.

Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge ýardam etmelidir. Munuň özi sebit we ählumumy möçberlerde okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, garamagyndaky edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 164-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 53-si neşir edildi.

Mart aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw dersleri boýunça we taslama bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirilip, oňa mekdep okuwçylarynyň 824-si gatnaşdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 11 medal, şol sanda 1 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç medal gazandylar. Daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamynyň guralyşyny öwrenmek, bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara maslahatlaryna gatnaşmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri Ýaponiýada, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, Türkiýe Respublikasynda, Azerbaýjan Respublikasynda, Pakistan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda boldular.

Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň görkezijileri hem getirildi. Hususan-da, ýurdumyzyň derman senagatynda öndürilen önümiň möçberi 149 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 11 desganyň, şol sanda 9 sany saglyk desgasynyň, döwrebap derman ammarynyň we ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýurdumyzda sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça maksada laýyk işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasynyň we 44 öýli ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda seýilgähiň gurluşygy alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gelýän syýahatçylaryň sany artdy, syýahatçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler çözülýär.

Şu ýylyň geçen üç aýynyň dowamynda Türkmenistanda jemi 54 sany içerki ýaryş we 26 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 42-sine gatnaşdylar we jemi 87 medal, şol sanda 22 altyn, 23 kümüş we 42 bürünç medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan, milli ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de, kämilleşdirmäge, sporty we syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmelere degişli wezipeleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlaryň işgärler düzümini kemala getirmäge, degişli düzümi we maddy-enjamlaýyn binýady dörwrebaplaşdyrmaga, dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Sport barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiz dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ýaş zehinli türgenleri ýüze çykarmak we terbiýelemek, ýokary hünärli tälimçileri taýýarlamak, bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça maksada laýyk işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi Aşgabatda geçiriljek Aziada –2017 babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berip, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, türkmenistanlylary köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek boýunça ädilýän ädimleriň ähmiýetini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklary bolan içeri we daşary söwdanyň hem-de milli ykdysadyýetimiizň hususy ulgamynyň şu ýylyň birinji çärýegindäki işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 120,9 göterime deň boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 107 göterim derejesinde hasaba alyndy, lomaý haryt dolanyşygy boýunça bolsa ösüş depgini 128,3 göterime deň boldy. Gazanylan girdejileriň ösüş depgini 119,7 göterimden ybarat boldy. 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde maýa goýumlaryny özleşdirmekde 113 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçen üç aýda birža söwdalarynyň 59-sy geçirilip, umumy bahasy 119 milliard 509,8 million manat bolan 5 müň 93 sany şertnama hasaba alyndy. Şol sanda eksport-import şertnamalarynyň bahasy 4 milliard 905,4 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 12 milliard 843,5 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 9 million 852,4 müň amerikan dollaryndan ybarat boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde edilen hyzmatlardan alnan girdejileriň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy, gazanylan peýdadan 139 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 605 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 169 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda sergileriň 6-sy we maslahatlaryň 9-sy geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 112 göterime, oba hojalyk önümleriniň ösüş depgini 153 göterime deň boldy. Telekeçileriň ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 20 göterim artdy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 131 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 126 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda söwda ulgamynyň milli ykdysadyýetdäki üýtgeşmeleri, bazar gatnaşygyna geçilýän şertlerde onuň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän hojalyklaryň has depginli ösýän ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Haryt dolanyşygynyň artýan möçberleri, onuň düzümi ilatyň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly esasy düzümleriň biri bolmak bilen, söwda toplumy sarp edijileriň bähbitlerini goramagyň, islegleri öwrenmegiň, halkyň sarp edýän harytlarynyň bazarynda sagdyn bäsdeşligiň kemala getirilmeginiň zerurulygy ýaly meseleleri çözmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda umumymilli baýramçylyklaryň we şanly seneleriň hormatyna, şeýle hem täze desgalaryň ulanmaga berilmegine bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilişi barada habar berildi. Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilen iri halkara möçberindäki çäreler barada durup geçdi.

Habar berlişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli medeniýeti giňden wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegi maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular. Olar Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar. Halkara Nowruz baýramy mynasybetli sungat ussatlarymyz Germaniýada we Fransiýada çykyş etdiler. Häzirki wagtda 24-28-nji aprel aralygynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günlerini, şeýle hem Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli Hytaýda, Gazagystanda we Täjigistanda geçiriljek medeni çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Wise-premýer teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň işi barada habar berip, hasabat döwründe sahna ussatlarynyň teatr sungatyny ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny, muzeýleriň hünärmenleriniň ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda sergileriň birnäçesini gurandygyny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işi işjeňleşdi. Bu gulluk tarapyndan kitap önümleriniň 80 görnüşi çap edildi. Şeýle hem nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri neşir edildi. Paýtagtymyzda dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän Metbugat öýi toplumynyň täze binasynyň gurluşyk işleri tamamlandy. Bu ýerde döwrebap enjamlarda işlejek hünärmenlerimiz Germaniýada kämilleşdiriş okuwlarynda bolup geldiler.

Wise-premýer Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi barada hasabat berip, hasabat döwründe Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barlandygy belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň habarlar gullugyna agza bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de innowasion taýdan ösdürmegiň, şeýle hem tehniki ösüşe laýyk gelýän işiň täze usullaryny gözlemegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri döredijilik taýdan üpjün etmegiň we olaryň ähmiýetini ilat köpçüligine düşündirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz telewideniýede we radioda taýýarlanylýan gepleşikleriň döwrüň ruhuna laýyk derejede bolmalydygy, olaryň hiliniň we çeperçiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat işiniň netijeliliginiň artdyrylmalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyl diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek meselesi barada durup geçip, wise-premýere şunuň bilen baglylykda meýilleşdirilen, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasat ugrunyň many-mazmunyny we ähmiýetini giň köpçülige düşündirmäge ýardam edýän döredijilikli çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam etmek bilen, hasabat bermek üçin welaýatlaryň häkimlerine söz berdi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat döwründe sebitde ýerine ýetirilen işler we oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da, ol şu ýylyň birinji çärýeginde ýerli býujetiň girdeji bölegi 351 million 201 müň manada we çykdajy bölegi 313 million 310 müň manada barabar bolandygyny habar berdi. Senagat kärhanalarynda welaýat boýunça 1 milliard 966 million manatlyk senagat önümleri öndürildi. Şunda sementiň öndürilişi 106,5 göterim, elektrik energiýasynyň öndürilişi 144,3 göterim, magdan däl gurluşyk materiallaryň öndürilişi 150,3 göterim, ilata satylýan senagat harytlaryň öndürilişi 112,9 göterim köpeldi.

Salgytlar boýunça jemi 440 million 456 manat möçberinde serişde gelip gowuşdy. Bu baradaky meýilnama 105,9 göterim ýerine ýetirildi. Bölek satuw haryt dolanyşygy hyzmatlarynyň möçberi 116,8 göterim artdy. Welaýatda ulaglar bilen ýük daşamak 106,1 göterim, ýolagçylaryň gatnadylyşy 103,6 göterim ýokarlandy.

Welaýat häkimi oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ösüş suwlaryny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa-haşal otlaryň hem-de zyýan beriji mör-möjekleriň garşysyna göreşmek işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi. Däne oragyna taýýarlyk görmek çäklerinde däne orýan kombaýnlary we gaýry oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Gowaça ekiljek 120 müň gektar meýdan doly ekişe taýýarlanyp, gowaça ekişi giňden ýaýbaňlandyryldy, şu güne çenli 8 müň 407 gektardan gowrak meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Häzirki güne çenli 6 müň 626 gektar meýdanda beýleki ekinler ekildi.

Häkim şeýle hem dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň üstünlikli dowam edýändigini aýdyp, maldarlaryň önüm alyşynyň ýokardygyny belledi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 101 göterime deň boldy.

Welaýatyň häkimi sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berip, şu ýylyň birinji çärýeginde 156 million 216 müň manatlyk maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini, bu baradaky meýilnamanyň 28 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Derweze etrabynda gysga wagtyň içinde döwrebap durmuş maksatly desgalary öz içine alýan “Täze zaman” obasynyň birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açyldy. Häzirki wagtda bu döwrebap obanyň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginiň çäginde düýbi tutulan täze şäherçäniň gurluşygy dowam etdirilýär. Welaýat boýunça bank karzynyň hasabyna
3 müň 664 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar, 1998 jaýyň gurluşygy tamamlandy.

Häkimiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň çäklerinde dürli bedenterbiýe-sagaldyş we medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär, şeýle hem “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramyny we Türkmen bedewiniň baýramyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça işleriň geçirilmegine ünsi çekdi. Milli Liderimiz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda amala aşyrylýan işlere jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň wezipelerine ünsi çekip, gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek hem-de pagtaçy kärendeçileriň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady.

Öz gezeginde Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow şu ýylyň birinji çärýeginde günbatar welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat bermek bilen, sebitde öndürilen senagat önümleriniň umumy möçberiniň 2878,4 million manada barabar bolandygyny aýtdy. 2014-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, bölek haryt dolanyşygy 16,9 göterim artdy.

Mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylygyň ot-iýmlik binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem täze ýyladyşhanalary we ammarlary gurmagyň, bagbançylyk hojalyklaryny döretmegiň hasabyna, miwe we gök ekin önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagynda anyk çäreler görülýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy çalt depgin bilen amala aşyrylýar. Uzakmöhletleýin ýeňillikli karz bermegiň maksatnamasy boýunça bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanmaga berildi we häzirki wagtda ýene-de ýaşaýyş jaýlarynyň 635-si gurulýar. Bulardan başga-da, dört gatly, 95 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde welaýatda önümçilik maksatly täze desgalaryň 16-sy ulanmaga berildi.

Hasabatyň çäklerinde köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş, jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygynyň geçişi we“Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygynyň, Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň baýramynyň guralmagyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Şeýle hem welaýatyň häkimliginiň ýolbaşçysy şu ýylda Balkan welaýatynda Ýaşulularyň maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususan-da, durmuş-medeni maksatly we senagat düzümine degişli binalaryň we desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz obalary özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna we welaýatyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük galla ideg etmek hem-de gök ekin we ot-iýmlik ekinleri ekmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde we oňat hilli ýerine ýetirilmeginiň, bellenilen kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görmek barada durup geçip, döwletiň we jemgyýetiň yzygiderli ösdürilmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejede guralmagynyň üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Bulardan başga-da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini ardyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de häkime şu ugurda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Oragzeldiýew 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde berjaý edilen işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi Hususan-da, ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, binalaryň we desgalaryň gurulmagyna bellenilen möhletlerde girişmek hem-de binalary ulanmaga bermek, şolarda işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.

Welaýatyň býujetinde göz öňünde tutulýan girdejiler boýunça meýilnamanyň 104,2 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi aýdyldy.

Häkim welaýatyň meýdanlarynda gowaçanyň, gök ekinleriň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly başlanandygy barada hasabat berdi. 2015-nji ýyldaky bugdaýa ideg etmek boýunça işler agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň meseleleri barada hasabat bermek bilen, welaýatda durmuş-medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň 20-siniň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Welaýatyň häkimliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky kararynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, häzirki wagtda 500 sany maşgala üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny belledi. Häkim Köneürgenç etrabynda täze şäherjigiň gurluşygy barada aýdyp, bu ýerdäki täze jaýlarda 400 sany maşgalanyň ýaşajakdygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda welaýatda ýerli ýaşaýjylar üçin ýer böleklerini bermegiň dowam etdirilýändigi barada hasabat berildi.

Bulardan başga-da, häkim “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygynyň, Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň baýramynyň ýokary derejede guralmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalygynda amala aşyrylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyny, pagtaçylaryň we beýleki kärendeçileriň ekiş geçirmek üçin ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda durmuş ulgamyna degişli meseleleriň çözülmegine ünsi çekip, ýerlerde ýaşaýş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ilatlyň ýaşaýşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän beýleki binalaryň mundan beýläk-de gurulmagynyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, täze döwrebap obalary we şäherçeleri gurmak, ilaty gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ýaly möhüm meselelere yzygiderli üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň häzirki wagtda we geljekde türkmen döwletini we jemgyýetimizi ösdürmekde ileri tutulýan esasy ugur bolmagynda galýandygyny belledi.

Soňra çykyş eden Lebap welaýatynyň häkimi M. Joraýew 2015-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça sebitiň esasy durmuş-ykdysady görkezijileri, oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada, şol sanda maldarçylykda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Habar berilişi ýaly, ýanwar-mart aýlarynda ýerli býujetiň ýerine ýetirilişiniň girdeji bölegi 107,1 göterime, çykdajy bölegi 93,6 göterime deň boldy. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde 2008-2015-nji ýyllarda desgalaryň 199-syny gurmak meýilleşdirildi, şolaryň 192-si bina edildi.

Şu ýyl durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 9-syny: lukmançylyk edaralarynyň üçüsini, bir mekdebi, çagalar baglarynyň ikisini, medeniýet öýleriniň ikisini we bir sport desgasyny ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şolardan birinji çärýekde Sakar etrabynda medeniýet öýi guruldy, Serdarabat etrabynda saglyk öýüniň durky täzelenildi.

Sebitiň iri gurluşyk meýdançalarynyň arasynda ulag ulgamynyň desgalary: Halkara howa menzili, Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleri, Atamyrat-Ymamnazan-Akina derim ýoly, şeýle hem himiýa, pagtany gaýtadan işleýän, elektroenegetika pudaklarynyň birnäçe desgalary bar.

Umuman, şu günki günde welaýatda önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 15-siniň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, Garabekewül etrabynda 600 maşgalar üçin täze obanyň hem-de Birata etrabynda 2013 maşgala üçin täze şäherçäniň gurluşygy dowam edýär.

Soňra häkim oba hojalyk toplumynda möwsümleýin işleriň barşy, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreler hem-de bugdaý ormaga görülýän taýýarlyk, gowaça ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Häzirki güne çenli 16 müň 302 gektar meýdanda ekiş geçirildi. Munuň özi umumy meýdanyň 13,6 göterimidir. Möwsümde seýalkalaryň 417-si işledilýär.

Owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär. Şu baharda 182 343 ene goýundan 168,7 müňden gowrak owlak-guzy almak meýilleşdirilýär. Häzir eýýäm 132,4 müň töweregi owlak-guzy alyndy.

Ýylyň birinji çärýeginde welaýatda etiň 33 müň 100 tonnasy, süýdüň 106 müň 614 tonnasy, ýumurtganyň 38 million 114 müňüsi öndürildi. Bu görkezijileriň ählisi geçen ýylyň şu döwründäki görkezijilerden köpdür. Pudagy ösdürmek maksady bilen, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň ýene-de 7-sini gurmaga ýer bölünip berildi.

Şu ýyl welaýat boýunça 950 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär, häzirki wagta çenli ýüpekçiler ýüpek gurçugyny ösdürmek bilen meşgullanýarlar.

Şunuň bilen bir hatarda welaýatyň ýolbaşçysy 2015-nji ýylyň iýun aýynda Lebapda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitleri özgertmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde işleriň ýagdaýynyň kanagatlanarsyzdygy sebäpli, hususan-da, möhüm desgalaryň gurluşygynyň möhletinden yza galýandygy bilen baglylykda nägilelik bildirdi hem-de Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewe berk käýinç yglan edip, ýagdaýy düýpli düzetmek üçin çäreleri görmegi talap etdi.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin döwletiň zerur bolan hemme şertleri döredýändigini, ýöne iş ýüzünde görkezilýän netijäniň gerekli derejä çykmaýandygyny, bu bolsa ýerlerde guramaçylyk taýdan ýol berlen kemçilikleriň, işleriň barşyna welaýat we etrap häkimlilkriniň ýolbaşçylary tarapyndan gözegçiligiň gowşadylandygynyň göniden-göni netijesidigini belledi.

Şu günki günüň wajyp wezipeleriniň biriniň obanyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz häkime sebitiň ilatynyň durmuşynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmäge degişli anyk tabşyryklar berdi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugrunyň hemişe halkyň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň senagat we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegi işjeňleşdirmek babatda hem anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barylan işleriň netijeleri hem-de oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe sebitiň býujetiniň girdeji böleginiň 608 million 618 müň manat, çykdajy böleginiň 551 million 448 müň manat bolandygy bellenildi. Döwlet salgytlary boýunça 831 million 745 müň manat ýygnaldy.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, hasabat döwründe 273 million 574 müň 600 manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi.

Häkim Mary etrabynda 300 orunlyk sagaldyş merkeziniň gurluşygynyň barşy hem-de şu ýylda durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 18-siniň ulanmaga tabşyrylmagynyň meýilleşdirlýändigi barada hasabat berip, häzirki wagtda saglyk öýüniň we sport desgasynyň gurluşyklarynyň tamamlanandygyny, şeýle hem bankyň karzlarynyň hasabyna öýleriň 685-siniň gurluşygynyň tamamlanandygyny we ýene-de 60-synyň gurluşygynyň dowam edýändigini habar berdi.

Oba hojalykda gazanylan görkezijiler boýunça hasabat berip, welaýatyň ýolbaşçysy häzirki wagtda 200 müň gektar meýdanda ekilen bugdaýa ideg etmek boýunça işleriň agrotehniki kadalara pugta laýyklykda alnyp barylýandygyny, mineral we organiki dökünleriň peýdalanylyşyna, meýdanlarda ösüş suwunyň tutulyşyna hem-de öňde boljak bugdaý oragynda işlediljek oba hojalyk tehnikalaryň taýýarlanylyşyna gözegçilik edilýändigini habar berdi. Häzirki welaýatda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilişiniň dowam edýändigi bellenildi. Ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, azyk bolçulygyny döretmek boýunça işler maksada laýyk alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, suw hojalyk desgalarynyň tehniki derejesini we hilini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreler görülýär.

Häkim şeýle hem welaýatda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy bilen baglylykda çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, milli senenamamyzyň şöhratly senelerini mynasyp baýram etmek boýunça taýýarlanan maksatnama barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan häzirki oba hojalyk işlerine ünsi çekmek bilen, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça haýal etmän çäreleri görmegi talap etdi. Mundan başga-da, bugdaý oragynda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň öz wagtynda taýýarlanylmagynyň zerurdygyny görkezip, döwlet Baştutanymyz häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatda wezipeleri çözmäge jogapkärli, hemme ýagdaýlary nazarda tutýan derejede çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ilatyň durmuş-hal ýagdaýynyň şertlerini has-da gowulandyrmak, gurulýan desgalarda işleriň depginini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreleri güýçlendirmek boýunça berjaý edilýän işleriň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýolbaşçysyna nägilelik bildirip, B.Annagurbanowa berk käýinç yglan etdi hem-de işlerinde bar bolan kemçilikleri düzetmegi berk talap etdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowa käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, umuman obasenagat toplumy boýunça önümçilik möçberleriniň ösüşi barada hasabat bermek bilen, ulgamda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň 100,7 göterim berjaý edilendigini aýtdy.

2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 108,2 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 112,8 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 105,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 104,8 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 165 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 141,4 göterime deň boldy. Obasenagat toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan maýa goýumlaryň özleşdirilişi 133,6 göterime barabar boldy.

Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, gowaça ekişiniň we ak ekinlere ideg işleriniň barşy barada hasabat berdi. Owlak-guzy möwsüminiň barşy barada aýtmak bilen,
wise-premýer häzirki döwre çenli dowardarlaryň 622 müňden gowrak baş owlak-guzy alandyklaryny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliliginiň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, onuň senagat düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli görnüşli ýokary hilli önümleriň önümçilik mukdarlarynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi döwrüň möhüm talabydygyny, onuň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda bar bolan mümkinçilikleriň we ykdysady usullaryň doly derejede işe girizilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ähli pudaklarynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdrmek düzümlere häzirkizaman tehnologiýalaryny we bu ugur boýunça ylmyň ýokary gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly we bellenilen möhletlerinde geçirmek, gowaça ekişini ýokary hilli tamamlamak boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýerdan talap etdi. Döwlet Baştutanymyz galladan, pagtadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň, ýurdumyzda maldarçylyk önümlerini mundan beýläk-de yzygiderli artdyrmagyň möhüm şerti bolan ähli agrotehniki we beýleki çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümlerinde geçirilen barlag işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, şol ministrligiň garamagyndaky edaralarda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, aýratyn-da, ýokary bilimli ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça birnäçe kemçilikleriň bardygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine laýyk derejede guralmagy ugrunda degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň netijeli işlemekleri, öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmeleri döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz bilim ministri G.Mämmedowany eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzy işe ýerleşdirmek, ýaş hünärmenleri degişli düzümlere işi ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçip, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradowa ýurdumyzda hünärmenleri işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri talaba laýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory P.Agamyradowy wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellemek baradaky resminamalara gol çekdi. Şu ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň wezipesine S.Ataýewa bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek bilen, özygtyýarly Watanymyzda halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberleri yzygiderli ösýär. Ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 10 göterim derejesinde durnukly ýagdaýda saklanýar.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 5,2 göterim artdy. Zähmet haklarynyň möçberi hem 110 göterim köpeldi. Geçen döwür bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy artyp, onuň ösüş depgini 10,2 göterime barabar boldy. Gurluşyk pudagynda hem 11,1 göterim ösüş gazanyldy. Söwda, ulag we aragatnaşyk pudaklary, hyzmatlar ulgamy ýokary depginlerde ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz boýunça umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 2 müňden hem köp iri desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde biz göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň ählisini gurup, ulanmaga berdik. Şolaryň hatarynda 184 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary we köp sanly beýleki durmuş maksatly desgalar bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijileri gurmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda barha ynamly işleýändiklerini aýratyn belledi.

Şonuň bilen birlikde, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Umuman, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda oňat netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, dünýä ykdysadyýetindäki bar bolan meseleler ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsir edýär. Häzirki döwürde biziň öňümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebit pudagyna degişli bolmadyk pudaklaryny ösdürmek wezipesi durýar. Şoňa görä-de, Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak möhüm wezipe bolup durýar .

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň gorlaryna örän baý ýurtdugyny belledi. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda öndürilýän dürli önümleriň eksportuny hem netijeli gurap bileris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunlukda, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, häkimler ýagdaýy jikme-jik öwrenip, käbir ykdysady çökgünlikleri ýeňip geçmek üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak boýunça zerur işleri geçirmelidirler.

Milli Liderimiz sözüni dowam etmek bilen, ýurdumyzyň ýeňil senagatyna, iri senagat pudaklaryna we gaýtadan işleýän pudaklara köp möçberde serişdeleri gönükdirýäris. Ýöne muňa garamazdan, nebit önümleri hasaba alynmanda, beýleki pudaklar boýunça eksport edilýän önümleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki paýy bary-ýogy bir milliard amerikan dollaryna barabardyr. Şunuň bilen baglylykda. döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýyla çenli beýleki pudaklar boýunça eksportuň möçberini 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek babatda degişli maksatnamalary işläp taýýarlamalydygyny belledi.

Türkmenistanda söwda we ulaglar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ugurlar boýunça daşary ýurtlar bilen söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini aýtdy. Şonuň bilen birlikde, Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmaly. Şu nukdaý nazardan döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi we bar bolan kemçilikleri çuňňur seljermek hem-de olary düzetmek boýunça netijeli çäreleri geçirmegi talap etdi. Maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipe – ýurdumyzyň ykdysadyýetini özgertmekden, maliýe-bank ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmekden ybaratdyr. Bazar şertlerine geçmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli. Maliýe ulgamy üçin, şeýle hem iş dolandyryşyň we bank işiniň esaslary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler boýunça Ministrler Kabineti bilen bilelikde netijeli işleri alyp barmalydygyny belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenip, kämilleşdirilen täze nusgasynyň taslamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Şu ýyl Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin häzirden gowy taýýarlyk görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şu ýylyň ikinji çärýeginde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti daşary ýurtlaryň birnäçesinde saparda boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlary göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda birnäçe halkara maslahatlary geçiriler. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň, bu babatda degişli halkara resminamalaryny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer P.Taganowa we onuň gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylaryna, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlaryna ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmäge aýratyn üns bermegi, aýratyn hem, daşary ýurt firmalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Bu işe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini işjeň çekmeli. Bu ugurda täze dörediljek kärhanalar üçin belli bir ýeňillikleri göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe degişi tabşyryklary berip, döwletimiziň telekeçilere mundan beýläk hem ýardam bermegini dowam etjekdigini aýtdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar ykdysadyýetine geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz sözünii dowam etdi.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamuhammedowyň we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, täze zawodlary gurmak, täze açylan ýataklary özleşdirmek we ulanmaga bermek boýunça möhüm wezipeleri goýdy. Şu ýylyň ikinji çärýeginde Mary we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän esasy gaz ýataklarynda göz öňünde tutulan desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny tamamlamaly. Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, gaz geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli dýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidetimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Hojamuhammedowa wise-premýer A.Goçyýew bilen bilelikde nebitgaz toplumyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, toplumyň edara-kärhanalaryny saklamak we olaryň işini guramak üçin sarp edilýän artykmaç çykdajylary azaltmak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Ereşowa we senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamamyza laýyklykda täze senagat kärhanalaryny döretmek we gurmak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Toplumda bar bolan könelişen kärhanalary hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn üns bermeli. Täze iş orunlaryny döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly, dokma senagatynyň we beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň belli bir bölegini hususylaşdyrmak meselesine seretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Wise-premýer M.Ýazmuhammedowanyň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde köp sanly medeni çäreleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk we umumymilli baýramçylyklara, şanly senelere bagyşlanan dabaralary mynasyp derejede beýan etmek boýunça möhüm meseleleriň durýandygyny belledi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri giňden beýan etmek öňküsi ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezmek we wagyz etmek arkaly bu özgertmelere goldaw bermek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipeleriniň biridir diýip, hormatly prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem ruhy gymmatlyklarymyzyň we milli däp-dessurlarymyzyň esasynda medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns bermeli, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmekde medeniýet ulgamynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmeli.

Milli Liderimiz wise-premýr S.Toýlyýewe, welaýatlaryň häkimlerine, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipeleriň baş maksadynyň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmekden, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini talaba laýyk guramakdan, dünýä derejeli türgenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz şu aýyň dowamynda ýurdumyzda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda iň oňat dünýä tejribesine daýanyp, giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etmeli diýip bellemek bilen, hormatly Preidentimiz ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, şeýle hem ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus möwsüminiň golaýlap gelýändigini, şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli dynç alyş we sagaldyş merkezlerini möwsüme doly taýýar etmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň, welaýatlaryň häkimleriniň we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri yzygiderli dowam etmek wezipeleriniň durýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz pudagyň ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary oba hojalygyna giňden ornaşdyrmak, gowaça
ekişini talaba laýyk geçirmek,
ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak boýunça möhüm wezipeleriň durandygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramyny dabaraly belläp geçmek we baýramçylyk mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer S.Satlykowa we ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz demir ýollary gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleri, täze howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmelidigini belledi. Şeýle hem pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns bermeli. Öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Minismtrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowyň we maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň öňünde ýurdumyzda kabul edilen gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça beýleki ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde, bu işe hususy telekeçileri çekmek arkaly durmuş maksatly binalary, täze şäherçeleri ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek babatda birnäçe wezipeleriň durandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny özümizde öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli.

Energetika pudagynyň öňünde hem möhüm wezipeler durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pudagyň işgärleriniň gazturbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini nygtady. Şunlukda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli.

Ýekşenbe güni ýurdumyzda «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramyny dabaraly belläp geçilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňändiklerini belledi. Suwdan netijeli peýdalanmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ylmyň gazananlary we öňdebaryjy tejribeler suw hojalygynda giňden ulanylýar. Döwrüň iri desgalarynyň biri bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy hem güýçli depginler bilen alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň gülläp ösýändigi, bagy-bossanlyga öwrülýändigi ýurdumyzda suwuň netijeli ulanylýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalyk pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de giň gerimli işleri amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

„Ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi bolan derýalarymyzyň, çeşme-çaýlarymyzyň suwy hemişe bol bolsun” diýip, bellemek bilen milli Liderimiz suwuň her bir öýe rysgal-döwlet, topragymyza bereket getirmegini arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny ýurdumyzda giňden bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter