Türkmenistanda ýer gaznasy dörediler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda ýer gaznasy dörediler

опубликованно 24.11.2017 // 835 - просмотров
 

Türkmenistanda ýurduň raýatlaryna ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek maksady bilen, ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça işler geçirilýär. Bular barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary E.Orazgeldiýew habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýer eýeleri ýer böleklerini oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygynyalyp barmak, şeýle hem şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin peýdalanyp bilerler.

Wise-premýer bu gaznanyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda" bellenilen wezipelerden ugur alnyp döredilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, E.Orazgeldiýewe welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ýer gaznasyny döretmek baradaky meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, ýer bölekleriniň şäher we oba ilatynyň hususy eýeçiligine berilmegi olaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter