28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirler | TDH
Ykdysadyýet

28-29-njy noýabrda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirler

опубликованно 24.11.2017 // 793 - просмотров
 

Bu çärä taýýarlyk görülişiniň barşy barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Mejlisiň meýilnamasyna laýyklykda, onuň işi iki bölümden – hukuk we ministrler böleginden ybarat bolar. Forumyň gün tertibine Energetika Hartiýasynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we geljegiň durnukly energetikasyny üpjün etmek maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.

Milli Liderimiziň energetika ulgamynda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berler.

Forumyň çäklerinde pudaklaýyn sergini guramak hem meýilleşdirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Jemleýji resminamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Energetika Hartiýasynyň çäklerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny kemala getirmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda öňümizdäki forumyň ähmiýetini bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter