“Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar | TDH
Syýasat habarlary

“Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar

опубликованно 27.11.2017 // 1097 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we monumenti 2018-nji ýylyň mart aýynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter