Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

опубликованно 29.03.2015 // 901 - просмотров
 

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün, dynç gününde wagt tapyp, at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün, dynç gününde wagt tapyp, at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, at münmek bilen meşgullanmagy adaty endige öwrüldi. Atçylyk toplumynda döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty bilen içgin gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri döretdi. Bu gün hem hormatly Prezidentimiz türkmen atşynaslarynyň, seýisleriň bitiren hyzmatlary, ahalteke bedewleriniň ajaýyplygy bilen baglanyşykly maglumatlara ýüzlenip, “behişdi bedewler” hakyndaky eserini dowam etmäge meşgul boldy.

Hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerim atasynyň ýanynda bolup, ahalteke bedewleriniň şöhraty, türkmen atşynaslarynyň dünýä beren gymmatlygy barada gürrüň berýän kitaplar, arhiw maglumatlar bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz agtygy bilen ahalteke bedewleri, dünýä siwilizasiýasynyň hazynasyny baýlaşdyran milli mirasymyz hakynda söhbet etdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan ussat çapyksuwary, “behişdi bedewleriň” hakyky hossary we olara belent sarpa goýýan hem-de edim-gylymlaryna, hüý-häsiýetlerine belet hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen bedewleriň ýanyna bardy.

Milli Liderimiz baharyň joş alýan pursatlarynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda agtygy bilen, ajaýyp ahalteke bedewini athanadan çykardy.

Döwlet Baştutanymyz agtygyna at çapmagyň aýratynlyklary we inçe tilsimleri, bedew batly çapylanda eýerde ykjam oturmalydygy, jylawy tutmagyň usullary, çapyksuwaryň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy barada öwüt-ündewleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garahan atly bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy. Gözýetime çenli gözel görnüşe eýe bolan giňişlikde at çapyp barýan atasyny synlaýan agtygyň atasyna buýsanýandygyny, bu asylly käre bolan höwesini duýmak kyn däl.

Döwlet Baştutanymyz türkmen atlaryna aýratyn mähirli garamak bilen, milli atşynaslygyň asylly ýörelgäniň üstünlikli dowam etdirilmeginiň we ýelden ýüwrük bedewlere aýawly çemeleşmegiň möhümdigini tekrarlaýar. Milli Liderimiz agtygy bilen bolan söhbetdeşlikde geçmişde ahalteke bedewleriniň gazanan şöhraty, halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gyzykly rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ahalteke bedewleri ata – babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň has möhümleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň guwanjyna öwrülen türkmen atlarynyň şöhratynyň dünýä dolmagy babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Döwlet baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, wepalylygy, ösen aňy we täsin zehini şahyrlar hem-de suratkeşler üçin asyrlarboýy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiz çapuwyny tamamlandan soň hormatly Prezidentimiziň agtygy atasynyň asylly ýörelgesine eýerip, Gerçek atly bedewe atlanyp, çapuw ýodasyna çykdy we ony öz erkine goýberdi.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini we ol ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýär.

At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, ony çapyşyny synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu duýgular ençeme asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyryp, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewe bolan söýginiň türkmeniň ganynda bolup, bu belent sarpanyň nesilden-nesle geçip, olar üçin durmuş mekdebiniň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýändigini aňladýar.

Ýlden ýüwrük bedewleriň şöhratyny gaýtadan dikeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde behişdi bedewleriň halkymyzyň ileri tutýan milli gymmatlyklarynyň düzüminde aýratyn orny eýeleýändigini nygtamaly. Muňa köpsanly halk nakyllary we atalar sözi hem şaýatlyk edýär. Olaryň birinde: “Bedewe atlanan bagtlydyr” diýlip aýdylýar. Türkmen folklorynda hem, milli edebiýatymyzda hem bedew ýagşy arzuwlar, maksada okgunlylyk, belent ruh, abraý we mertebe ýaly düşünjeler bilen baglanyşdyrylýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň “Bedew gerekdir ýigide...” diýen setirleri hem munuň subutnamasydyr.

Ahalteke bedewleriniň şöhratynyň hiç haçan öçmejekdigini döwür görkezdi, onuň şöhraty döwürlerden we kalplardan aşyp, barha belende göterilýär. Muny türkmen bedewini gören her bir adam tassyklap biler. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedew ählihalk söýgüsine eýe boldy, ýurdumyzyň rowaçlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülip, ol asyrlary we nesilleri baglanyşdyrýar, beýik ýeňişlere, zähmet sazlaşygyna, döredijilik belentliklerine ruhlandyrýar.

Ahalteke tohumly bedewleri aýawly gorap saklamakda we olaryň bütindünýä abraýyny has-da ýokary galdyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykaryldy, ýurdumyzda atçylyk-sport düzümlerini ösdürmekde, arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny köpeltmekde, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini wagyz etmekde deňi-taýy bolmadyk çäreler amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar, bu mynasybetli geçiriljek dabaralara, däp bolşy ýaly, köp ýurtlardan hormatly myhmanlar, daşary ýurt wekiliýetleri çagyryldy, olara müňlerçe ýyl mundan öň türkmen topragynda kemala gelen atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ähli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter