Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

опубликованно 26.03.2015 // 853 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana geldi.

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilik üçin örän şatdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Şunda Belarusuň ýurdumyz bilen dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar bolsa soňky ýyllarda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda GDA-nyň we abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde ep-esli işjeňleşdirildi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, Belarusda şu ýyl özüniň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny belläp geçýän Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatyna Belarusda ýokary baha berilýär.

Milli Liderimz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentine we halkyna mähirli salamyny beýan edip, ilki başdan özara hormat goýmak we birek-birege ynanyşmak, uzakmöhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hem öz tarapyndan däp bolan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlydyr. Şol gatnaşyklar bolsa dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpýyllyk tejribä hem-de ägirt uly kuwwata eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin Belarus Respublikasynyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýdyp, belarusly hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, köp ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag, oba hojalygy senagat, hususan-da, gaýtadan işleýän, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalyk toplumy we beýleki pudaklar üçin döwrebap tehnikalary we enjamlary ibermek ulgamlarynda, derman senagatynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ylmy-tehniki ulgamda hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler açylýar.

Söhbetdeşligiň barşynda möhüm bilelikdäki taslamany—Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan kombinatyny gurmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselesi uly gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahataşyldy. Şol ýerde kaliý duzlarynyň baý ýatagy ýerleşýär. Myhmanyň habar berşi ýaly, Türkmenistana şu saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde ol bu iri düzümleýin desganyň gurluşyk meýdançasyna baryp görüp, ägirt uly täze senagat desgasyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Myhman belarusly hyzmatdaşlaryň öz üstlerine alan borçnamalaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, ähli işleri ýokary hil derejesinde amala aşyrmak maksadynda hemme tagallalary etjekdiklerini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ykdysadyýet üçin düýbünden täze bolan dag-magdan pudagyny döretmek, ýurduň baý serişdeler kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylyşyny artdyrmak babatda bu ägirt uly senagat toplumynyň guluşygyna uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagynyň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän üstünlikli türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Döwletara gatnaşyklar baradaky gürrüňiň dowamynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde dürli derejede özara saparlaryň we wekiliýetleri yzygiderli alyşmagyň möhüm ornuny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz we Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, gumanitar ulgamda, şol sanda bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, medeniýet we sungat, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde we Hökümetinde Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçiň ýolbaşçylygyndaky wekiýliet bilen duşuşyklar geçirildi. Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň meseleleri, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň ýolbaşçylyk edýän belarus wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde “MAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlar merkeziniň gurluşyk meýdançasyna, Belarus Türkmen söwda öýüne baryp görmek hem meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, belarusly hyzmatdaşlar üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy. Myhmanlar türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter