Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 20.03.2015 // 891 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipelere garaldy, ony mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlarda işleriň ýagdaýy barada hasabap berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen birlikde, gümrük ýygymlaryna gaýtadan garamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy. Şeýle hem hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge degişli mesele barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde oba hojalygy boýunça salgyt syýasaty ýöredilende, oba hojalyk önümlerini öndürýän edara- kärhanalar bilen birlikde, hususy taraplar üçin hem ep-esli derejedäki ýeňillikleriň berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Milli Liderimiz içerki bazarlary ýokary hilli azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin, telekeçileri olaryň önümçiligine işjeň çekmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýerler A.Goçyýewe, P.Taganowa we A.Ýazmyradowa bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi barada durup geçip, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyza türkmen paýtagtynyň Ruhabat etrabynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň häkimligi, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, meýilleşdirilen işleri berjaý etmegiň möhletleri hem-de jogapkär adamlar bellenildi. Ruhabat etrabynda düzüme degişli desgalary gurmak boýunça işlere girişildi, ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek, birnäçe edaralaryň we kärhanalaryň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durkuny täzelemek bilen bagly işler amala aşyrylýar. Hasabat bermegiň barşynda işleriň ýagdaýyny we barşyny synlamaga mümkinçilik berýän fotosuratlar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda binalaryň we desgalaryň durkuny täzelemek, şeýle hem täze binalary gurmagyň we ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň barşy baradaky hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini düýpgöter özgertmek boýunça göz öňünde tutulan ähli işleriň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň täze kanunçylyk taslamalarynyň üstünde alyp barýan işleri, şol sanda daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamyndaky meseleleri kadalaşdyrmak, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we beýleki ulgamlary ösdürmegi höweslendirmek boýunça täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň barşy barada habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň garamagyndaky Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň işini kämilleşdirmek bilen bagly Mejlis tarapyndan geçirilen işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, ýurdumyzda halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän döwrebap we Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilişine gönükdirilen hukuk binýadynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ähli kanunçylyk namalary türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze taryhy eýýamynyň şertlerini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-de geçirilýän işler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreleriňm maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu maksatnamada ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli maslahatlary, şol sanda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary, sergileri, medeni-sport we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem bu senelere bagyşlanan ýörite neşirleri taýýarlamak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalary çap etmek göz öňünde tutulýar. Şanly senä gabatlanyp, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýokary derejedäki halkara maslahaty we baýramçylyk dabaralary guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen tassyklanan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinýändigini we bu ýolda anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtady. Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy sebitde hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär we türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň kepilnamasy bolup durýar.

Bitarap Watanymyz dünýäniň ykrar edilen parahatçylyk dörediji, iri halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezleriniň birine öwrüldi, şol maslahatlaryň gün tertibine häzirki döwrüň möhüm meseleleri girizilýär. Türkmenistan oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we höweslendirmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Daşary işler ministrliginiň işi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralary bilen geçirilýän geňeşmeleriň netijeli häsiýetini belledi hem-de munuň döwletleriň arasynda dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýtdy hem-de bu ugurda işleri dowam etdirmek barada görkezme berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz M.Maşalowy Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hem-de oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, häzirki günlerde gowaça ekişine görülýän taýýarlyk we şunuň bilen baglylykda tejribeli daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy-tejribe maslahatlaryň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2015-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakynda” kararyň taslamasy hödürlendi. Şu resminama laýyklykda, täze möwsümde Balkan hem-de Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ýazky we güýzki görnüşleriniň jemi 17 900 gektaryny ekmek hem-de 224 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler oňyn netijeleri berýändigini belledi. Türkmen daýhanlary dänäniň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýärler. Döwletiň wezipesi ekerançylaryh emmetaraplaýyn goldamakdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň we Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2015-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” karara gol çekip, ekiş möwsüminiň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzir pagtaçy kärendeçiler üçin jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişi gelip ýetdi. Onuň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi geljekki bol hasylyň girewidir. Şunda döwlet Baştutanymyz ähli agrotehniki çäreleriň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 27-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 3-nji aprelde gowaça ekilişine girişilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, asylly däbe görä, bu çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmegini belledi we olara uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçi daýhanlaryň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, şu ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl aljakdyklaryna ynam bildirdi hem-de pagtaçylara, ähli daýhanlara berk jan saglyk, maşgala adançylygyny, öndürijilkli zähmet we täze üstünlikler arzuw etdi. “Goý, topraga taşlanan her bir däne ýurdumyza egsilmez baýlyk getirsin!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada suratlar bilen utgaşykly hasabat berdi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, etrabyň çäginde gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň durkuny täzelemek hem-de olaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça we täze desgalaryň gurluşygynyň barşyna gözegçilik etmek babatynda görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz baýramy mynasybetli çäreleriň maksatnamasy, 25-29-njy martda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada habar berip, däp boýunça, 21-nji martda Ahal welaýatynyň ajaýyp künjeginde ähli welaýatlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň guralyşy barada hasabat berdi. Esasy dabaralaryň geçiriljek ýerinde türkmen obasynyň däp bolan keşbi döredilen şertlerinde dürli döredijilik çäreleri – sergiler, bäsleşikler, konsertler, teatr hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary, milli oýunlar we at çapyşyklary guralar. Bahar paslyny garşylamaga bagyşlanylan bu çäreler milli medeni mirasymyzyň örän baý öwüşginlerini beýan eder.

Wise-premýer Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtmak bilen, bu dostlukly ýurda ylym we medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň toparynyň iberiljekdigini aýtdy.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda, Wanadzor hem-de Gümri şäherlerinde geçiriljek medeni çäreleriň çäklerinde artistleriň çykyşlary, türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan konsert, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri geçirmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, parahatçylygy, abadançylygy we agzybirligi alamatlandyrýan bu baýramçylygyň milli däp-dessurlara laýyklykda, aýratyn giň gerim bilen, şowhun-şatlyk, ýokary guramaçylyk derejesinde ruhubelentlikde bellenilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostluk we özara ynama esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, milli medeniýeti hem-de sungaty ösdürmäge we özara baýlaşdyrmaga, giňden tejribe alyşmaga hem-de Ýer ýüzünde türkmen halkynyň ruhy mirasyny wagyz etmekde halkara çärelerini geçirmegiň wajypdygyny belläp, Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini ýokary derejede guramak barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamsyny” üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynda geçirilýän işler barada hasabat berildi. Meýilnama laýyklykda, bu ýerde ozal bar bolan binalaryň durkuny täzelemek we gaz, energetika düzümlerine, awtoulag ýollaryna degişli täze desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işleri amala aşyrylýar.

Tutuşlygyna Köpetdag etraby boýunça 2015-nji ýylda dpesgalaryň we binalaryň 38-sini gurmak hem-de dürli maksatly desgalaryň 11-siniň durkuny täzelemek, şeýle hem 597 ýaşaýyş jaýynyň fasatlaryny täzelemek bilen düýpli abatlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda olaryň 25-sinde durkuny täzelemek işler tamamlanylyp, 44-sinde işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu strategiki ähmiýetli toplumy ösdürmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak, nebit önümleriniň köp görnüşlerini öndürmek üçin Türkmenistanyň çäksiz mümkinçilikleri bar.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň çäklerini abadanlaşdyrmak, gaz we elektrik üpjünçiliginiň şäher ulgamyny täzelemek, jaýlaryň durkuny täzelemek babatynda bu işe gözegçilik edýän wise-premýerler B.Hojamuhammedowa we M.Artykowa degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň milli ykdysadyýetiň senagat pudagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Ereşowa söz berdi. Wise-premýer hasabat bermegiň barşynda 13-14-nji martda Ýaponiýa iş saparynyň jemleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda öndürilýän sementiň nyrhyna täzeden seretmek babatda ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamasy boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi aýdyldy.

Gepleşikleriň barşynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň himiýa pudagyna degişli kärhanalary gurmak baradaky taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi babatda aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Duşuşyklarda Garabogazköl aýlagynda gidromineral serişdeleri bilelikde toplumlaýyn özleşdirmegiň, natriý sulfatynyň we dürli himiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmagyň, bu taslamanyň amala aşyrylmagy üçin dünýäde belli kompaniýalaryň has öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mary şäherinde mineral dökünleri we himiýa önümini öndürmek boýunça toplumy gurmak babatda Çarçuwaly ylalaşygyň degişli taslamasy taýýarlanyldy.

Duşuşyklaryň barşynda türkmen tarapy ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň pudakda gurulmagy meýilleşdirilýän beýleki täze kärhanalaryň – Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürmek boýunça bölümi, Balkan welaýatynda kaustik sodasyny we hlor öndürýän zawody hem-de ýod we brom öndürýän zawody gurmak boýunça taslamalara gatnaşmagyny teklip etdi.

Hasabat bermegiň barşynda duşuşyklarda ýaponiýaly önüm öndürijilere “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän türkmen tehniki ýoduny ýerlemegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berlendigi hem-de Ýaponiýada bu önüme uly isleg bildirilýändigi bellenildi.

Ikinji mesele boýunça durlup geçilip, gurulýan desgalary göwnejaý hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Baharlynyň, Lebabyň we Balkanyň sement zawodlarynyň binýadynda, şeýle hem welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerinde sementi hem-de beýleki gurluşyk serişdelerini ýerlemek boýunça ýöriteleşdirilen söwda dükanlarynyň açylandygy habar berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän sementiň öňki bahasyna täzeden garaldy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň bellenilmegine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli meýilnama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda alnyp barylýan işleriň barşy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, etraby abadanlaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary abatlamak, degişli düzümi, şol sanda inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Häzirki wagta çenli binalaryň 42-si abatlanyldy. Hususy ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak, binalaryň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar hem-de etrabyň çäginde arassaçylygy we tertibi üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagynyň ösüş babatda hil taýdan täze derejä ýetirýändigini we munuň, hususan-da, köpsanly senagat desgalarynyň, şol sanda himiýa senagatynda kärhanalaryň ulanmaga berilmegi arkaly tassyklanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ugurdaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirmeginiň hem-de ýerli tebigy serişdelerden netijeli peýdalanylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekilmegine gönükdirilen bilelikdäki amatly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Milli Liderimiz pudagyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmek üçin dünýäniň, şol sanda Ýaponiýanyň öňdebaryjy senagat kompaniýalarynyň örän uly ylmy-önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyz boýunça dürli maksatly binalary we desgalary gurmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň hajatlary üçin sementiň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ilatymyzy sement bilen elýeterli bahadan üpjün etmek hem-de onuň bahasyny düzgünleşdirmek maksady bilen, sementiň ilata satylmagynyň 1 tonnasynyň häzirki hereket edýän 330 manat bolanlygyndan täze nyrhyň 175 manat möçberinde bellenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de muňa berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyny abadanlaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny we paýtagtymyzdaky düzüme degişli beýleki desgalary bezeg babatda göwnejaý görnüşe getirmek boýunça göz öňünde tutulan ähli abatlaýyş işlerini bellenilen möhletlerde we oňat hilli geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýerler B.Ereşowa we
S.Toýlyýewe şu ugura degişli anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek barada alyp barýan işler hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 25-27-nji martynda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Habar berlişi ýaly, sergide daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň önümleri we hyzmatlary görkeziler. Onuň barşynda ugurdaş maslahat, tejribe alyşmak, gülleri we baglary ösdürip ýetişdirmek hem-de seýilgäh-bezeg işleri boýunça täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çäreler meýilleşdirildi.

Şeýle hem Kagyz önümçilik kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler barada habar berlip, bu ýerde çykarylan ýazuw kagyzlarynyň görnüşleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hasabatyň çäklerinde 24-nji martda Aşgabatda türkmen-fin işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkiçililiklerini durmuşa
geçirmäge hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan täzeçe çemeleşler we täze işläp taýýarlamalar barada aýdyldy.

Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça 2015-nji ýylda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 146-sy düýpli döwrebaplaşdyrylar. Haly fabriginiň gurluşygy, iri panelli jaý gurluşygy kärhanasyny, başga-da, birnäçe pudaklaýyn düzümleriň binalaryny, söwda bazarlaryny abatlamak işleri tamamlanar. Şeýle hem jaýlaryň daş görnüşi döwrebaplaşdyrylar, etrabyň çäginde abadanlaşdyrylyş işleri alnyp barlar. Ählihalk ýowar gününde 7 müň düýp bag nahallary oturdylar. Häzirki döwürde etrabyň çäklerinde abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady ulgamdaky ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemek bilen wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Kagyz önümçilik kombinatynyň işi babatynda onuň kuwwatlyklaryny doly ulanmagyň, häzirkizaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň netijeli ýollaryny gözlemek boýunça maslahatlaryny aýtdy.

Milli Liderimiz türkmen-fin işewürler maslahatynyň hem-de Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, bu çäreleriň baş maksadynyň ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, üstünliklerimizi beýan etmekden we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmak üçin zerur şertleri üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň ösüşi we abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hem-de wise-premýer P.Taganowa ýüzlenip, etrabyň durmuş-ykdysady düzümini gowulandyrmak, durmuş ulgamyny işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleriň hem-de anyk ýörelgeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda ilatyň döredijilikli zähmeti, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek, ähli ugurlar boýunça durmuş ulgamynyň ýokary ölçeglerini kemala getirmek, şähergurluşyk we bezeg meselelerinde kämil çemeleşmeleri üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bu etraby abadanlaşdyrmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän jogapkär ýolbaşçylara degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi. Maksatnamada ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary, maksatlary we wezipeleri hem-de ony durmuşa geçirmegiň anyk ýollary beýan edilýär. Şeýle hem onda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygy, döwlet goldawy görkezilýär.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ýokary ahlak, köptaraply, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý esasda terbiýelenip ýetişdirilmegini, ýaşlaryň döwrebap ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin möhüm şertleriň döredilmegini üpjün eder. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, kärini özleşdirmekde we işe ýerleşmekde, olaryň bilime, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şunda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi we sazlaşykly ösüşi bilen bagly meseleler ilkinji orunda goýulýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormaty Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan maksatnamanyň ýaşlaryň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini, ukyplaryny doly durmuşa geçirmegi, bilim we hünär eýeleri bolmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň möçberli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri üpjün etjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň mundan beýläk-de ýaş raýatlary goldamak boýunça yzygiderli çäreleri amala aşyrjakdygyny belläp, bu resminama gol çekdi hem-de degişli meseleleriň wagtynda durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy
Ş. Durdylyýew garamagyndaky düzümleriň işleri hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş düzümini, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik ulgamyny, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny, jemagat hojalygyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygy hasabatda aýdyldy. Häzirki güne çenli ýaşaýyş jaýlarynyň 2269-syndan 352-siniň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan köp gatly we açyk görnüşli awtoduralgalary gurmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabady ösdürmegiň meseleleriniň ýakyn geljekde ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny hem-de şu işlere jogap berýän ähli düzümler bilen utgaşykly hereket etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek boýunça meýilnamalaryň bellenilen möhletlerde we oňat hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Hazar deňziniň düýbünden “Türkmenbaşy (Türkmenistan) -- Baku (Azerbaýjan Respublikasy)” optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işi ýerine ýetirmek boýunça 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Baku şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ikinji mejlisinde ylalaşyk gazanyldy.

“Türkmenistany 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” Türkmenistanda Internet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň baglaşan şertnamalaryna laýyklykda, Gazagystan, Özbegistan, Eýran, Owganystan ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary hereket edýär. Täze ulgamyň çekilmegi Internet akymlaryň tizligini ýokarlandyrmaga, optiki-süýümli ugurlary döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda Ýewropa we Aziýa ýurtary bilen aragatnaşygy yzygiderli ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Etrabyň çäklerinde döwlet ýaşaýyş gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlarynyň 1042-si, jaýlaryň 369-sy hem-de dürli ministrliklere we pudak edaralaryna degişli edara binalarynyň 171-si bar. Işlenip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, etrapda umumy uzynlygy 16,29 kilometr bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak we abatlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz telearagatnaşyk pudagynda ýokary tehnologiýaly ulgamyň bolmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etmeginiň möhüm şertidigini belläp, pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň, iň täze tehnikalary, enjamlary we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň her bir raýatymyz üçin elýeterli bolmagy ugrunda ähli zerur şertler döredilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz telearagatnaşyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola nygtap, wise-premýere alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz paýtagtamyzyň Berkararlyk etrabyny abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň hem-de olaryň hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyz we onuň abadançylygy hem-de rowaçlygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Aşgabatda geçirilen birinji mejlisiniň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şol mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy girizildi, şunda ýangyç-energetika toplumy, lukmançylyk, oba hojalygy, senagat, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlary we başga-da birnäçe pudaklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Gyrgyz Respublikasyna azot dökünlerini, nebit önümlerini eksport etmek barada ylalaşyk gazanyldy, türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garaldy.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda Aşgabat şäheriniň köçeleriniň durkuny täzelemek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. 2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, awtoulag ýollarynyň 59,7 kilometriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Orta Aziýa sebitindäki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige, sebit we halkara derejesinde giň hyzmatdaşlyk edilmegine mahsus ýörelgeler esasynda amala aşyrýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisiniň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda awtoulag ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdyp, häzirki wagtda awtoulag ýollaryny çekmek boýunça täze taslamalaryň giň gerim bilen durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin örän möhüm ähmiýetlidigini aýdyp, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler berjaý edilende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygy barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanow Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2015-2016-njy ýyllar üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Şu iki ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça Jemagat hojalygy ministrliginiň hasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyň 3639-synyň, şu ýylyň dowamynda bolsa 2073-siniň durkuny täzelemek we abatlamak meýilleşdirildi. Paýtagtymyzyň ähli etraplary boýunça aýlyk iş meýilnamasynyň tertibi düzüldi. Oňa laýyklykda, 370 desganyň 230-synda abatlaýyş işleri tamamlandy.

Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek bilen bir hatarda, umumy uzynlygy 50 kilometrden gowrak bolan paýtagtymyzyň şaýollarynyň we köçeleriniň 20-siniň durkyny täzelemek,
inženerçilik-tehniki ulgamy abatlamak, suw beketleriniň 100-sinde abatlaýyş işleri geçirmek, seýilgähleriň 5-sini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde seýilgähleriň 2-sinde degişli işlere girişildi. Şäherde gök zolaklary döretmek üçin zerur bolan nahallar bilen üpjün etmek üçin Ruhabat etrabynda iki we Arçabil etrabynda bolsa bir ýyladyşhanalaryň gurluşygy öz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şäher hojalygynyň işini guramak boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi we jemagat hojalygy düzüminiň işine düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz ministrden ähli gulluklaryň we düzümleýin bölümleriň jemagat hojalygy boýunç hyzmatlary wagtynda ýerine ýetirmek, elektrik energiýanyň, suwuň we beýleki zerurlyklaryň bökdençsiz üpjünçiligini ýola goýmak, ulag-ýol ulgamyny oýlanyşykly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz hojalygyň degişli ministrlikler we ugurdaş düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmagyna ünsi çekip, seýilgäh zolaklaryna ideg edilişi, çäkleriň abadanlaşdyrylyşy, arassaçylygyň, ekologiýa kadalarynyň üpjün edilişi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumlarynda, dynç alyş zolaklaryny, amatly gatnaw ýollaryny, hyzmatlar ulgamy desgalaryny we beýlekileri hem hasaba almak bilen, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş düzümlerini döretmek meselelerine ünsi çekdi. Bularyň ählisi sazlaşykly şäher gurşawyny döretmelidir diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz jaýlaryň we desgalaryň daşky bezegini döretmegiň, ýaşaýyş toplumlaryndaky jaýlaryň daşaky keşbiniň bezeg aýratynlygynyň sazlaşygyna päsgel berýän ähli desgalaryň sökülip aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de M.Artykowa, jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowa Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň hem-de maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge işjeň gatnaşmagy tabşyrdy we bu çärä jemagat hojalygy gullugynyň, dürli guramalaryň, bezeg işgärleriniň, ösümçilikleriň we şu pudak bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň çagyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň ýurdumyzda bag-seýilgäh sungatynyň ösdürilmeginde döredijilik we tehnologik derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly gatnaşyklaryň iri baýramçylyk çäreleriň-dabaralaryň bezegine, durmuş gurşawynyň gözellik derejesiniň häzirkizaman ýörelgelerine laýyk getirilmegine bolan täze başlangyçlaryň, taslamalaýyn çözgütleriň we çemeleşmeleriň döremegine ýardam etjekdigini belledi.

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz baýramçylyk barada durup geçdi. Milli Liderimiz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň adamzadyň umumy gymmatlydygyny, medeni mirasydygyny aýtdy. Bu baýramçylyk halklary dost-doganlyga, parahatçylyga we abadançylyga çagyrýar. Ata-babalarymyz Nowruzy bagtyýarlygyň, ynsanperwerligiň we gözelligiň baýramy hökmünde garşylapdyrlar. Häzirki wagtda türkmen halky bu gadymy baýramyň ähmiýetine uly sarpa goýýar, ony ruhy baýlygymyzyň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bu baýrama halkara derejesini berdi. Häzirki wagtda Nowruz baýramy dünýäniň onlarça ýurdunda giňden we dabaraly bellenilýär. Bu baýram adamzadyň medeni mirasynyň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň umumylygyny we bitewüligini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny Milli bahar baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt we abadançylyk arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşýanlaryň ählisine berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter