Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň ýedisini eýelediler | TDH
Sport

Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň ýedisini eýelediler

опубликованно 03.12.2017 // 1496 - просмотров
 

Türkmenistanly pälwanlar Stambulda kuraş göreşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda medallaryň 7-sine eýe boldular. Ýygyndy toparymyzyň hatarynda Aşgabatda sentýabrda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän güýçli türgenler bar.

4-nji dekabrda tamamlanýan dünýä birinjiligine 35 ýurtdan türgenleriň 270-si gatnaşýar.

60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy. Mundan başga-da ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üstüni bürünç medallaryň 6-sy doldurdy.

Erkekleriň arasynda 66 kilogram agramda çykyş eden Marat Orazow we Erkin Omurzakow, şeýle hem 73 kilogram agramda bäsleşen Begenç Baltaýew bu medallaryň eýeleri boldular.

Zenanlaryň arasynda bolsa 63 kilograma çenli agramda çykyş eden Gülşat Nasyrowa, Mähriban Gurbanowa (57 kg), Zarina Saparowa (48 kg) dagy bürünç medala mynasyp boldular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter