Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

опубликованно 17.03.2015 // 909 - просмотров
 

Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanyp, türkmen we özbek halklaryny birleşdirýär hem-de ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we geljek üçin meýilnamalary amala aşyrmak babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygy bellenildi. Ulag-aragatnaşyk pudagy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunda Türkmenistan özbek tarapynyň goldawyna eýe bolan we häzir yzygiderli durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Bu ýerde sebit we halkara ulag düzüminiň aýrylmaz bölegi boljak üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary amala aşyrmak boýunça işler netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän gumanitar ulgamyň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek babatda pikirlerini aýtdylar. Munuň özi iki doganlyk halkyň taryhdan gözbaş alýan ruhy-medeni gatnaşyklary, olaryň köpasyrlyk däpleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir. Şol däpleriň hatarynda halkara derejesine eýe bolan Nowruz baýramy bolup, ol parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýaly öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýar.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň ekologiýa ýaly möhüm ugurda sebit we dünýä tagallalaryna ygrarlydygyny bellediler. Mälim bolşy ýaly, bu meselede işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan anyk başlangyçlary, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar baradaky sebit merkezini döretmek hakynda teklibi öňe sürdi. Şol teklip Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň Bütindünýä maslahatynda hem beýan edildi. Özbegistan hem öz gezeginde degişli ugurda uly ädimleri ädip, halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyna öz goşandyny goşýar.

Türkmen Lideri pursatdan peýdalanyp, goňşy döwletiň Baştutanyna şu aýyň ahyrynda Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri biri-birini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter