Owganystanyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Serhetabat-Turgundi demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Owganystanyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Serhetabat-Turgundi demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy bilen gutlady

опубликованно 08.12.2017 // 968 - просмотров
 

Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Mohammat Aşraf Gani Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi onda şeýle diýilýär:

Siziň Alyhezretiňiziň Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagy owgan halky üçin Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary äşgär edýän ýakymly waka öwrüldi.

Bu demir ýoluň gurluşygy Turgundynyň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak, owgan önümlerini daşarky bazarlara eksport etmäge bolan oňyn şertleri döretmek, şeýle hem Owganystan üçin zerur bolan harytlary getirmek çärelerini has-da işjeňleşdirmek üçin wajyp taslama bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter