1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi | TDH
Jemgyýet

1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

 

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 1690 adam türkmen raýatlygyny kabul etdi. Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Wise-premýer, DIM-niň ministri Raşid Meredowyň habar berşi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan hem-de halkara hukuk kadalaryndan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerden ugur alnyp, adamlaryň, şol sanda belli sebäpleriň hem-de ýagdaýlaryň netijesinde öz Watanyny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini üpjün etmek boýunça Türkmenistanda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

2011-2016-njy ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan we hiç bir döwletiň raýatlygy bolmadyk adamlaryň 6 müň 455-siniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi we ygtyýarlykly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan 1 müň 690 adamynyň haýyşlary nazarda tutulyp, olary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olar 21 milletiň wekilleridir. Olaryň hatarynda 1165 uly adam we 18 ýaşyna ýetmedik 525 adam bar.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky” Permana gol çekip, ýurdumyzyň raýatlary bolan adamlary tüýs ýürekden gutlady we olara maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek işine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter