Neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy | TDH
Jemgyýet

Neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy

опубликованно 11.12.2017 // 965 - просмотров
 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde geçiren birnäçe gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy toparyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň örän howply wehimleriniň birine garşy durmak babatda alyp barýan işleriniň subutnamasyna öwrüldi.

Çärä ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODS), ÝHHG-niň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä gatnaşyjylaryň hatarynda jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän hormatly ýaşulular, neşekeşlige bolan näletli garaýşyny beýan etmäge gelen köpsanly talyp ýaşlar bar. Çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bu çäre mynasybetli şu ýerde täze döreden işleriniň sergisini guradylar. Häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek sergide görkezilýän eserleriň özenini düzdi.

Neşe serişdelerini ýakmak çäresine başlamazdan öň, oňa gatnaşyjylara ýörite gaplara, dürli ölçegdäki polietilen haltajyklara salnan neşe serişdeleri görkezildi. Çärä gatnaşyjylaryň her biri neşe serişdelerini öz elleri bilen ýörite peşlere oklamaga mümkinçilik aldy. Şunda bellenilen düzgünlere laýyklykda, neçeleri ýakmak çäresiniň başyndan aýagyna çenli oňa hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri we ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.

Bu çärä gatnaşan daşary ýurtlular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu möhüm çäresiniň ähmiýetini belläp, parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmek işine Türkmenistanyň ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasyna, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara täze anyk goşandyna öwrülendigini bellediler. Şunda nygtalyşy ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna ygtybarly böwet goýmaga aýgytlylygyny hem-de onuň bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny goldaýar. Şeýle hem ýerlerde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň häkimiýet, saglygy goraýyş hem-de bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik we dini guramalarynyň wekilleri bilen ysnyşykly hereket etmeginiň öz netijelerini berýändigi bellenildi. Hususan-da, neşeler bilen bagly jenaýatçylygyň derejesiniň ep-esli pese düşmegi göze ilýär.

Türkmenistan adamzadyň bu ählumumy howpuna garşy barlyşyksyz göreşmäge işjeň gatnaşýan ýurtlaryň biridir hem-de bu ugurda köp döwletlere oňat görelde görkezýär. Biziň ýurdumyzda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara kömek bermek boýunça milli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak, neşekeşleri ýüze çykarmak we bejermek, şeýle hem neşekeşligiň öňüni almak onuň wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu maksatnama birnäçe möhüm çäreler üçin ugrukdyryjy nokat bolup, ýakynda kabul edilen “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny berkitdi.

Bu ugurda geçirilýän işlerde sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnama döwlet tarapyndan goldaw berilmegi uly ähmiýete eýedir.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter