GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy | TDH
Medeniýet

GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy

опубликованно 11.12.2017 // 1000 - просмотров
 

Russiýanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy, oňa Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň oktýabrynda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda çykyş edip, özara ynanyşmagyň derejesini ýokarlandyrmaga çagyrdy hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň 2018-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegi hakynda çözgüt kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, ýurdumyzyň medeniýet we ylym ulgamlaryny diplomatiýanyň ynsanperwer ugry hökmünde halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge tarap gönükdirýär. Moskwada şu gezek geçirilýän maslahat hem hut şol meselä bagyşlanýar.

Resmi taýdan açylyş dabarasyndan hem-de duşuşygyň esasy mowzugy bolan “GDA-da maşgala gymmatlyklaryny hem-de däplerini berkitmekde we saklamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň orny” diýen mesele boýunça çekişmelerden öň çeper eserleriň sergisi guraldy. 2017-nji ýylda GDA ýurtlarynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw beren döredijilik taslamalaryna gatnaşan ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň işleri onuň esasyny düzdi.

Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Maksat Nurmetow bar. Sergide onuň iki sany heýkeltaraşlyk işleri merkezi orny eýeledi, köpsanly tomaşaçylary bolsa olar bilen Russiýanyň halk suratkeşi, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň akademigi, professor, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Aleksandr Nikolaýewiç Burganow uly kanagatlanma duýgusy bilen tanyşdyrdy.

Alym Moskwanyň “Burganowyň öýi” döwlet muzeýini esaslandyryjy we direktory bolup durýar, ol “GDA ýurtlarynyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň simpoziumy” taslamasynyň guramaçysy hökmünde çykyş edýär. Bu taslama dokuz ýylyň içinde şekillendiriş sungatynyň öňdebaryjy ussatlarynyň hem-de döredijilik ýoluna täze başlan adamlaryň üstünlikli özara gatnaşyklarynyň barlaghanasyna öwrüldi. Öz okuw maksatnamasynyň çäklerinde halkara gatnaşyklaryny ösdürýän Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy hem her ýyl maslahata öz wekillerini ugradýar.

Aleksandr Nikolaýewiçiň gürrüň berşi ýaly, taslamanyň maksady görnükli döredijilik şahsyny kemala getirmekde milli medeniýetiň özboluşly aýratynlyklaryny höweslendirmäge, häzirki zaman sungatynda dürli halklaryň özboluşly mirasyny, olaryň çuňňur ruhy köklerini aýawly saklamaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Çünki bularyň hemmesi çeper durmuşyň baýlygyna, köpdürlüligine, baý mazmunly bolmagyna hyzmat eder, onuň üstüniň milli baýlygyň genji-hazynalary bilen ýetirilende bolsa sagdyn we gyzykly bolar.

Ýaş türkmen heýkeltaraşynyň işi iki gyzyň liriki keşplerinde öz beýanyny tapan duýgular hem-de Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň owazlylygyny ýatladýan plastiki leksikonyň jemlenmesi bilen ünsüňi özüne çekýär. Suratkeşlere öz eserlerinde şygyr owazyny nädip bermek başardýandygyny aýtmak kyn, emma Maksat Nurmetowyň heýkelleri hakydaňda Magtymgulynyň Meňli hakynda ganatly setirlerini getirýär, söýgi hakynda türkmen rowaýatlarynyň we dessanlarynyň äheňlerine ýollaýar...

Forumyň umumy mejlisinde oňa gatnaşyjylary we myhmanlary RF-niň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Olga Golodes mübärekledi. Ol RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlag hatyny okady. Hatda şu günki duşuşygyň esasy mowzuklarynyň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ornuna bagyşlanandygy bellenilýär. Hut maşgalada şahsyýeti, onuň dünýägaraýşyny kemala getirýän ýagdaý döreýär, gymmatly çelgileriň esasy goýulýar.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda forumyň gün tertibine çykarylan meseleler ýene-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Çekişmelere
Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň halkara gaznasynyň (YHGG) Müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogly YHGG-niň Müdiriýetiniň bilelikde başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydko, meşhur jemgyýetçilik işgärleri, GDA ýurtlaryň medeniýet, ylym, bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda taryhyň umumy sahypalaryna hormat goýmagyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň hem-de özara düşünişmegiň esasynda dünýä derejesinde öňe ilerlediji taslamalaryň döredilip bilinjekdigi hem-de däp bolan ruhy gymmatlyklaryň esasyndaky birleşmeleriň birek-birekden aýryp ýüz öwürmäge alyp barýan meňzeşlige iterýän umumylaşdyrmagyň garşysyna güýçli bäsdeş bolup biljekdigi barada pikir aýdyň beýan edildi.

Çünki däp-dessur nämedir? Munuň özi tejribäniň hem-de medeni gymmatlygyň geçirilmegidir, hut şunuň bilen hem jemgyýet güýçlidir, maşgala bolsa adamzat nesliniň özüniň halas bolmagynyň özboluşly genetiki syry bolup durýar. Şunda medeniýet hem-de maşgala diýen iki düşünjäniň çuňňur arabaglanyşygy jemlenýär. Bular barada forumyň işiniň barşynda gürrüň edildi.

Bu barada dürli nukdaýnazarlar aýdyldy—bilermen-sosiologlar we demografiýa ulgamynda barlaglar bilen meşgullanýan alymlar hem-de tankytçy-sungaty öwrenijiler, terbiýeçiler hem-de hökümet düzümleriniň wekilleri çykyş etdiler. Nika institutyna döwlet tarapyndan goldaw berlişi hem-de medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň durmuş jogapkärçiligi, çeper döredijiligiň, teatryň, kinonyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki hem-de mynasyp geljegi döretmekdäki orny baradaky meseleler gozgaldy, GDA giňişliginde ýakynlaşmak ýagdaýlarynyň has-da işjeňleşdirilmegine ýardam etjek başlangyçlar öňe sürüldi.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň baş döwletara sylagy bolan “Arkalaşygyň Ýyldyzlary” diýen sylaga mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy. Olaryň hatarynda rus baletmeýsteri Ýuriý Grigorowiç hem-de moldaw kompozitory Ýewgeniý Doga ýaly meşhur ussatlar bar. Bu şahsyýetler tanyşdyrylmaga mätäç däldir, häzirki wagtda, dabarada nygtalyşy ýaly, biziň wezipämiz şeýle möçberdäki ýyldyzlaryň has-da köp bolmagyny, Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň medeniýetini dünýäde şöhratlandyrjak täze adamlaryň ýüze çykmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Şunuň üçin hem birek-biregi oňat tanamak maksady bilen, medeni alyşmalar gerek. Şeýle hem Arkalaşygyň giňişliginde diňleýjileriň hem-de tomaşaçylaryň goňşy döwletleriň medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmagy üçin telewideniýäniň we radionyň mümkinçiliklerini herekete getirmek gerek.

Forumda 2018-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolan Ermenistanyň Goris şäheri tanyşdyryldy. Düzüminde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, merkezi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň—telewideniýäniň we gazetleriň wekilleri bolan türkmen wekiliýetiniň agzalary kollegial duşuşyklara-da gatnaşdylar. Şol duşuşyklarda ylmy, halypaçylyk, wagyz ediş işleri guramakda milli tejribä garaldy.

Ertir forumyň işi “Bilim we ylym ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygy”, “GDA-da Medeniýet ýylyny garşylamaga tarap” we “GDA ýurtlaryň geljekki nesillerini goldamak” diýen ugurlar boýunça pikir alyşmalar bilen dowam eder. Bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary, mundan beýläkki ynsanperwer gatnaşyklaryň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň dürli ugurlary, hünär gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, Arkalaşygyň Döwletleriniň halklarynyň özara düşünişmeginiň we hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylyşy ara alnyp maslahatlaşylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter