Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 18.12.2017 // 1295 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarynyň häkimleriniň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň wideoşekilli aragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, ol milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirişi barada hasabat berdi. Paýtagtymyzda bina edilýän desgalar, Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin ýerine ýetirilen işler barada habar berildi.

Häkim şeýle hem durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, degişli şäher gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň jemagat gulluklarynyň işine nägilelik bildirip, ýyladyş, energiýa we gaz, suw üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegine gözegçilik etmegi talap etdi.

Mundan başga-da milli Liderimiz täze ýyl baýramçylyklary günlerinde degişli düzümleriň nobatçylygyny guramagy, jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly işini üpjün etmegi, şeýle hem Aşgabatda birnäçe desgalaryň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatdaky işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalygynda agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi we ýaşaýyş jaýlarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem-de okuw mekdeplerinde ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini, welaýatyň ilatynyň elektrik, gaz we suw üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak Täze ýyl baýramlaryny geçirmek barada gürrüňe geçip, welaýat häkimine welaýatyň ähli etrap we şäher häkimliklerinde, edaralarda we kärhanalarda nobatçylyklary guramak, şeýle hem ulagyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol günbatar welaýatda gündelik alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ilatyň durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Täze ýyl baýramyna we dürli maksatly binalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, sebitiň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan işleriň hem toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş üpjünçilik meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekip, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işini ýola goýmak, şeýle hem suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen durnukly üpjünçiliginde bökdençlik goýberilmezlik boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli dabaraly çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz şunuň bilen baglylykda häkime degişli düzümleriň nobatçylyklaryny ýola goýmak babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň depginleri hem-de welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem milli Liderimize welaýatda ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramak boýunça taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz M.Baýramgulyýewe ilaty agyz suwy, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bökdençliklere ýol bermezlik üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz täze ýyl çärelerine taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, baýramçylyk günleri ähli ýerlerde nobatçylygy guramak, jemgyýetçilik ulagynyň we jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Täze ýyl medeni maksatnamasy köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty jemläp, oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwy rejeli peýdalanmak hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda durmuş maksatly desgalaryň ýyladylmagy, olaryň elektrik energiýasy, gaz, suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz täze ýyl baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, degişli düzümleriň sazlaşykly işini guramagyň zerur bolan ähli önümler bilen doly üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çykdy. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler hem-de welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, şeýle hem milli Liderimize Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramak boýunça taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we talaplarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleriň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramçylygynyň ýatda galyjy dabaralara beslenmelidigini aýdyp, guralýan dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günlerinde degişli nobatçylygyň ýola goýulmalydygyny, şunlukda, ýolagçy ulaglaryň we jemagat hojalygy gulluklarynyň bökdençsiz işiniň alnyp barylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladylşynyň, olaryň elektrik energiýasy, gaz, suw bilen üpjünçiliginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuş ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi hem-de ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter