Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

опубликованно 28.02.2015 // 883 - просмотров
 

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahaty bolup, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine degişli meseleler girizildi.

Milli parlamentiň deputatlaryň öňünde kesgitlän esasy wezipelerine laýyklykda, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Ähli kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerini we halkara hukugyna degişli kadalary göz öňünde tutmak arkaly işlenip düzülýär. Deputatlar Mejlisiň şu maslahatynda garamak üçin hödürlenen täze kanunçylyk namalarynyň möhüm ähmiýetlidigini nygtap, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, Türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlygyna, halkara derejesindäki at-abraýynyň has-de beýgeldilmegine ýardam berilmegine gönükdirilendigini bellediler.

Maslahatyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri hökmünde “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Deputatlar şu kanunyň taslamasynyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna laýyklykda işlenip düzülendigini hem-de demir ýol ulagyna degişli ulgam boýunça işiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny we ösüşini hem-de onuň hereket etmegi bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýändigini nygtadylar.

Şeýle hem şu kanunyň taslamasynyň ýurdumyzda
ykdysadyýetiň we ilatyň ulag arkaly edilýän hyzmatlar boýunça zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmaga ukyply bolan ulag-aragatnaşyk toplumynyň çalt we batly depgin bilen ösdürilmegine gönükdirilip amala aşyrylýan uzakmöhletleýin maksatnamalarda ileri tutulýan ugurlara hem-de esasy wezipelere laýyk gelýändigi bellenildi. Galyberse-de, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, esasy ýollaryň, baglanyşdyryjy gatnawlaryň we uzelleriň ugry boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmek ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna girýär.

Şeýle hem maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny döretmegiň hukuk we ykdysady esaslaryny, onuň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini bellemek we döwlet tarapyndan berilýän kömegi kesgitlemek üçin niýetlenen “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakyndaky” Kanunyň taslamasyna garaldy.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda ýurdumyzda hususy eýeçiligi ösdürmek, hususy haryt öndürijilere we hyzmatlary berjaý edýän ulgama goldaw bermek, zerur bolan halatynda olara maliýe taýdan kömek etmek, ýer böleklerini uzakmöhletleýin ulanmak üçin bölüp bermek bilen bagly işlere döwlet tarapyndan içgin üns berilýändigi barada aýdylandygy bellenildi. Geljekde ýurdumyzda eksporty ugur edinýän önümçilikleri ösdürmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri halkara bazarlaryna eksport etmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, bu kanunyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy eýeçilik boýunça gatnaşyklary düzgünleşdirýän hem-de haryt öndürijilere we hyzmatlary berjaý edýän ulgama goldaw berilmegine gönükdirilen kanunçylygy yzygiderli seljermek hem-de kämilleşdirmek baradaky işleri dowam etdirmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Kanunyň taslamasy goşuldy. Ony ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda deputatlar halkymyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň has-da ösdürilmegini, baý milli mirasyň artdyrylmagyny kanunçylyk arkaly üpjün etmegiň möhümdigini bellediler.

Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň häzirki döwürde jemgyýetimiziň talaplaryna laýyk gelmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagy üçin halkymyzyň örän uly we özboluşly ruhy mümkinçiliklerini özünde jemlemelidigi nygtaldy. Hut şoňa görä-de, milli Liderimiz tarapyndan şu ulgam boýunça kesgitlenen belent maksatlar türkmen jemgyýetiniň ruhubelentligine ýardam berýän gündelik medeni-köpçülikleýin işlerden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işleriň usullarynyň döredilmegine, milletimiziň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyna, düýpli öwrenilmegine we wagyz edilmegine, türkmen ýaşlarynyň döredijilik babatdaky işjeňliginiň höweslendirilmegine, milli mirasyň öwrenilmegine çenli wajyp wezipeleriň giň toplumyny özünde jemleýär.

Maslahatyň barşynda “Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakyndaky”, “Ekstremizme garşy hereket etmek hakyndaky” Kanunlaryň taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen adynyň Düzgünnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň “Ruhubelent” ordeniniň Statusyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda”, “Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda (rejelenen görnüşi)” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Tokaý kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň deputatlary bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda, Geňeşleriň ýedinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garamak maslahatyň gün tertibiniň möhüm ähmiýetli meseleleriniň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm ähmiýetli hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ata Watanymyzyň batly depginde gadam urmagy üçin öňde goýan giň gerimli wezipeleriniň mundan beýläk-de üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter