Türkmenistan buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmäge taýýarlanýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmäge taýýarlanýar

опубликованно 22.12.2017 // 1441 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara, edaralara we guramalara (karz edaralary muňa girmeýär) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek baradaky Karara gol çekdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça utgaşdyryjy topary döretmek hem-de Topar hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Karar bilen Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça çäreler tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Bu çäreler ýurdumyzyň ykdyswadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşýanlygy bilen baglylykda buhgalterçilik hasabynda hem-de maliýe hasabatlylygynda halkara standartlaryna laýyklykda işiň alnyp barylmagyna gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter