Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 22.12.2017 // 933 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen telefon arkaly gepleşigi boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebitara, dünýä syýasatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Hindistanyň halkara gün tertibiniň birnäçe wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belläp we bu ýagdaýyň döwletleriň halkara giňişligindäki netijeli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mümkinçilik berýändigini nygtap, Prezident Ram Nath Kowind milli Liderimiziň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdine, hususan-da, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, bu meseläniň çözgüdine anyk, oýlanyşykly çemeleşmeleri öňe sürýän Türkmenistan öz başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm çäreleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň şu ýylda Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň dostlukly Hindistanyň ykdysady ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerini goldaýandygyny we sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy, gülläp ösüşi üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalara goşant goşmaga meýillidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Hindistanyň Prezidentini 2018-nji ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymyna meýilleşdirilen çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Olaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak dabarasy hem bar, bu çäre türkmen-owgan serhedinde geçiriler, şeýle hem bu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak we Türkmenistanyň dolulygyna öz serişdeleriniň, maddy-tehniki we işgärler serişdeleriniň hasabyna gurýan Serhetabat – Turgundy demirýoluny ulanmaga bermek dabarasy bar.

Prezident Ram Nath Kowind çakylyk üçin çuňňur hoşallyk bildirip, hindi tarapynyň TOPH taslamasyna, şeýle hem beýleki düzümleýin taslamalara ägirt uly ähmiýet berýändigini, olaryň Owganystanyň ykdysady taýdan tiz galkynmagyna we sebitiň ähli ýurtlarynyň abadançylygyna ýardam etjekdigini belledi.

Hindi lideriniň öňde boljak çärelere gatnaşmagy baradaky mesele diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana saparynyň oňa täze itergi berendigini aýtdylar.

Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny belläp, söhbetdeşler geljekde hem türkmen we hindi halklarynyň bähbidine iki ýurt üçin hem ileri tutulýan ugurlarda tagallalary birleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki ykdysady we bilim ugurly taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy, olar hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen döwlet baştutanlary gatnaşyklaryň ynanyşmak häsiýetine eýe bolmagy Türkmenistan we Hindistan üçin diňe bir ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge däl, eýsem köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi baradaky pikiri öňe sürdüler.

Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni ynsanperwer we häzirkizaman maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we hindi halklaryny gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy we medeni kökler baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen ynsanperwerlik ulgamynda alyşmalary we ylmy gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind ýetip gelýän Täze ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna abadançylyk we ösüş baradaky iň mähirli arzuwlaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter