Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

опубликованно 20.02.2015 // 820 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, gazetleriň redaktorlary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyrylan mejlisiň gün tertibini yglan edip, garaljak meseleleriň örän möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa söz berdi. Häkim hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy 2015-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň Meýilnamasyny taýýarlamak baradaky tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde ýakyn iki ýyl üçin ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, işleriň birinji tapgyry şu ýylyň dowamynda amala aşyrylar we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna çenli tamamlanar, ikinji tapgyry bolsa 2016-njy ýylda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

2015-2016-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň çäginde täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň binalarynyň we beýleki kärhanalaryň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze degişli desgalary gurmak, şeýle hem paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Edara binalarynyň, durmuş-medeni we düzümleýin maksatly desgalaryň, seýilgähleriň gurluşygy dowam etdiriler. Şeýle hem Aşgabady gurmagyň 14-nji nobatdakysyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygy we 15-nji tapgyryň desgalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy habar berildi.

Mejlisiň barşynda Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleri paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, ýerine ýetirilýän işler, geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz häkimlere ynanylan çäklerindäki işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk şäheriň derejesini saklamak bilen baglanyşykly meselelere has jogapkärli çemeleşmegi talap etdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde türkmen paýtagtyny ösdürmegiň, şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde täze binalaryň we desgalaryň keşbinde häzirki zaman binagärlik pikiriniň hem-de milli binagärligiň däpleriniň aýratyn sazlaşyk döretmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Gurulýan desgalaryň toplumlary gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydyr.

Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmeginiň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de oňat ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge ýardam etmelidigini nygtap, Aşgabat şäheriniň häkimine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalaryny tassyklamaga degişli kararlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada habar berildi.

2015-2016-njy ýyllarda täze ýollary gurmak, şaýollaryň we köçeleriň 20-siniň durkuny täzelemek we düýpli abatlamak, ýaşaýyş jaýlarynyň 3600-den gowragynyň, edara binalarynyň 100-den gowragynyň durkuny täzelemek, dürli maksatly täze döwrebap binalary we desgalary, köp gatly awtoduralgalary gurmak, şäheriň energiýa üpjünçilik ulgamyny täzelemek, şeýle hem abadanlaşdyryş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şähergurluşyk boýunça täze meýilnamanyň bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we iň gowy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 2015-2016-njy ýyllarda meýilleşdirilen desgalaryň ählisiniň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyny, gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, obasenagat toplumyny ösdürmek we sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyramk boýunça öňde goýlan wezipederi ýerine ýetirmek maskady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim häzirki döwürde däne ekilen meýdanlarda ösüş suwunyň we ak ekini mineral dökünler bilen iýmilendirmek işiniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýandygyny habar berdi. Gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde ekiş üçin meýilleşdirilen 120 müň gektar meýdanda sürüm işleriniň tamamlanandygy, ekiş tehnikalaryny doly taýýarlamak işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýandygy aýdyldy. Şu ýyl welaýat boýunça 12 müň 700 gektara beýleki ekinler ekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde şol meýdanyň 3 müň 414 gektarynda ekiş geçirildi.

Häkim welaýatyň maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, häkim häzirki döwürde mallaryň dok we ýyly gyşladylýandygyny, owlak-guzy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurulmagyna, umuman, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berilmelidigini aýratyn belledi we munuň obalary özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň pesdigini belläp, Ahal welaýatyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa nägilelik bildirdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýn işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde oba hojalyk işleriniň, ak ekinlere edilýän idegiň, gök we bakja hem-de iýmlik ekinleriň ekişine görülýän taýýarlyk işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim et we süýt önümçiliginiň möçberlerini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň netijeleri barada aýratyn durlup geçildi. Maksatnamanyň çäklerinde 2008-2014-nji ýylarda Balkan welaýatynda medeni-durmuş maksatly binalaryň 111-siniň gurluşygy tamamlandy. Mundan başga-da, suw, gaz we elektrik geçirijiler, telefon ulgamlary hem-de beýleki inženerçilik desgalary guruldy. Ilatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin 72 guýy işe girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, aýratyn-da, durmuş-medeni maksatly binalaryň, senagat düzümleriniň gurluşygyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny, welaýatyň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Esasan-da, ol welaýatyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň we beýleki düzümleriň 2015-2020-njy ýyllar üçin meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, oba hojalyk, maldarçylyk we sebitiň senagat pudaklaryny ösdürmek, önümçilik hem-de gaýtadan işleýän desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada durup geçdi.

Şeýle hem ol welaýat boýunça şu ýyl 300 müň tonna bugdaý, 230 müň tonna pagta hasylyny almagyň meýilleşdirilendigini, gök we bakja ekinlerini ekmek üçin 3 müň 300 gektar ýeriň bölünip berlendigini aýtdy. Welaýatyň maldarçylyk pudaklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önümçililigini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Hasabatyň çäklerinde 2015-nji ýylda welaýatda maldarçylyk toplumlarynyň 5-siniň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, maýa goýum taslamalaryny, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewe häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda işleri agortehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, düýpli maýa goýumlary yzygiderli özleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çärelere giň gerim berildi, güýzlük bugdaýa ikinji ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Meýdanlarda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Şeýle hem welaýatda dürli görnüşli gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar, welaýatyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda 300 müň düýp bag nahallaryny oturtmak meýilleşdirildi, olaryň 240 müňi pürli we saýaly. 60 müňi bolsa miweli baglardyr. Häzirki döwre çenli sebitde 27 müň düýp bag ekildi diýip, häkim sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, welaýatda 2015-nji ýylda maldarçylyk toplumlarynyň
7-sini, medeni-durmuş maksatly binalaryň bolsa 19-syny gurmak meýilleşdirildi. Munuň özi Oba milli maksatnamasyna laýyklykda tapgyrlaýyn işleriň ýerine ýetiriljekdigini alamatlandyrýar diýip, häkim belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýat häkimi sebtiň ekerançylarynyň bugdaý maýsalaryna ideg etmek we öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barýandyklaryny habar berdi. Şu ýyl ekerançylyk meýdanlaryndan 380 müň tonna bugdaý, 313 müň tonna pagta, 200 müň tonna şugundyr, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümleriniň bellenen möçberlerini almak meýilleşdirilýär. Oba hojalyk önümçiligini giňeltmek, ekin dolanyşygyny geçirmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy 2015-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, medeni-durmuş maksatly, suw arassalaýjy, inženerçilik desgalary hem-de awtomobil ýollaryny ulanmaga bermegiň göz öňüde tutulýandygyny aýtdy.

Medeni-durmuş maksatly desgalaryň 20-siniň, inženerçilik ulgamlarynyň, 60,9 müň inedördul metr ýaşaýyş jaýlarynyň suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy dowam etdiriler. Welaýatda 10 sany maldarçylyk toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Sebitiň oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň öz wagtynda birkemsiz berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, welaýat häkimine bu maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, şeýle hem degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ýerine ýetirilişiniň barşyna geçirilen seljermäniň jemleri hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ministr sebitleriň her biri boýunça 2008-2014-nji ýyllar üçin goýberilen maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilişiniň möçberleri barada habar berdi. Şeýle hem bu maksatnamanyň 2015-2020-nji ýyllarda ýerine ýetirilmegi üçin göz öňünde tutulan gurluşyk işleri hem-de maliýe serişdeleri hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sebitlerini özgertmek boýunça iri möçberli maksatnamanyň çäklerinde eýýäm täze türkmen obasynyň we oba hojalyk-senagat etrabynyň ajaýyp nusgalarynyň kemala gelendigini, bu maksatnamanyň täze döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seljerme işlerini yzygiderli geçirmek barada tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Husasan-da, wise-premýer 2007-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň rejelenen görnüşiniň taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, ýedi ýylyň dowamynda bu maksatnamanyň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň 832-si guruldy. Mundan başga-da, 8 müň kilometr suw geçirijiler, 12,2 müň kilometr gaz geçirijiler, 10,4 müň kilometr elektrik geçirijiler, 4,5 müň kilometr awtomobil ýollary ulanmaga berildi, aragatnaşyk ulgamynda 15,7 müň kilometr telefon ulgamy çekildi, 385,5 müň sany telefon belgileri oturdyldy, 2,7 million sany el telefon belgileri berildi, şeýle hem beýleki düzümleýin desgalar guruldy. Şol döwrüň içinde 2 sany iri we 10 sany kiçi agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri tamamlandy.

Geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça 2015-2020-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň möçberleri boýunça geçirilen hasaplamalary nazara almak bilen, sebitleri özgertmek baradaky maksatnamanyň rejelenen görnüşi taýýarlanyldy. Şu taýýarlanan resminama laýyklykda, geljekde durmuş maksatly binalaryň 600-den gowragyny hem-de düzümleýin maksatly desgalaryň müňlerçe kilometrini gurmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň okgunly ösüşini üpjün etmekde we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ýurdumyzyň sebitlerine möhüm ornuň degişlidigini nygtady. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” esasy maksady welaýatlary senagatlaşdyrmaga ýardam etmekden, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden we raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu maksatnamanyň rejelenen görnüşini makullap we oňa gol çekip, resminamada bellenen wezipeleriň öz wagtynda çözülmeginiň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere we degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ilatly ýerlerde esasy we düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň barşyny hem-de olaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetmiziň senagat pudagynyň önümçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasy babatda “Edison Technologes KG” maslahat beriji kompaniýanyň geçiren işleriniň netijeleri babatda aýdyldy.

Täze senagat desgasy “2012-2016-njy ýyllarda gurluşyk, energetika we senagat pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda aýna önümleri babatda bildirilýän islegi doly kanagatlandyrmak maksady bilen gurlar. Kärhanada çig maly ulanmak arkaly, aýnanyň dürli görnüşlerini hem-de döwrebap usul boýunça aýnadan taýýar önümi öndürmek özleşdiriler.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Edison Technologes KG” maslahat beriji kompaniýa bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylardan gelip gowşan teklipleriň seljerilmegini we baha berilmegini barlamak, kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny saýlap almak, degişli resminamalary halkara ölçeglerine görä taýýalamak boýunça uly işler geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Sirteti” türk kompaniýasy potratçy hökmünde kesgitlendi.

Wise-premýer “Edison Technologes KG” kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanan tanyşdyryş resminamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň baş direktory Edison Kasapoglu aýna ulgamyna degişli täze kärhananyň taslamasy barada gürrüň berdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy şu taslama gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, gurluşyk üçin Derweze etrabyndaky “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň ýanynda ýerleşýän ýer böleginiň teklip edilýändigini aýtdy.

Umuman alynanda, senagat desgasynda önümçiligiň tutuş düzümi boýunça tehnologik amallar göz öňünde tutuldy, bu ýerde çig mal taýýarlamak boýunça bölüm, erediji bölüm, dürli ölçegdäki we galyňlykdaky aýnalary öndürmek boýunça bölüm, taýýar aýnany öndürmek boýunça bölüm bar. Kärhanada dury hem-de dürli reňkli gurluşyk aýnalaryny, ýylda jemi 7 200 müň inedördül metrlik laminirlenen we 4 millimetr galyňlykdaky aýnalary we aýna gaplaryny, şeýle hem dürli görnüşli azyk çüýşeleri hem-de derman senagatynda ulanylýan suwuklyklar we gerdejikler gaplanjak lukmançylyk aýna gapjagazlaryny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabatyny hem-de maslahat beriji kompaniýanyň baş direktorynyň aýdanlaryny diňläp, belli daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda gurluşyk serişdeleri, dürli aýna önümleriniň önümçiligi ýaly geljegine uly umyt baglanýan ulgamyň has-da pugtalandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içerki bazaryny özümizde öndürilýän ýokary hilli önüm bilen has doly üpjün etmekde täze desganyň möhüm ähmiýetlidigini aýdyp, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhananyň gurluşygyna degişli taslama babatda geçirilen taýýarlyk işlerine kanagatlanma bildirdi we degişli resminama gol çekdi.

Soňra “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýew ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmek babatda alyp barylýan işler, şol sanda obalary özgertmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, awtomobil ýollarynyň gurluşygy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýol-ulag düzümini ösdürmek hakynda aýtmak bilen, täze taryhy eýýamda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli ulag ýollarynyň milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtap, konserniň ýolbaşçysyna ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmekde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň barşynda milli Liderimiziň özal beren tabşyryklarynyň, şol sanda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ýol-gurluşyk işleriniň barşy barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet sanawyna birnäçe goşmaçalar girizildi, bu bolsa ýerli kärhanalar we daşary ýurt kompaniýalar tarapyndan ýerine ýetirilýän ýol-gurluşyk işleriniň hiline gözegçilik etmäge, goşmaça önümçilik kuwwatlyklaryny çekmäge we bäsdeşlige ukyply ýagdaýy kemala getirmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýol-gurluşyk ulgamynda amala aşyrylýan maksatnamanyň ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekmek bilen, ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň hem-de täze ýollary gurmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwlet we halkara ähmiýetli awtomobil ýollarynyň çekilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi, munuň özi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän awtoulag serişdeleriniň möçberiniň artmagyna ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň çekilmegi bilen bir hatarda, welaýat we etrabara derejeli ýollaryň gurluşygynyň hem işjeň alnyp barylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz ýol-gurluşyk ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bilen bir hatarda, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meseleleriniň çözülmegine oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Ýol işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Karara gol çekip, ýol-gurluşyk işlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň utgaşykly işini üpjün etmek babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra bilim ministri G.Mämmedowa Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda alan bilimlerini we hünärlerini ulanmaga, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini çözmäge, ähli pudaklary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge gönükdirilen degişli kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada habar berildi.

Bu resminamalary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri bellenilen tertipde Türkmenistanda degişli döwlet synaglaryny tabşyrmalydyr. Döwlet synaglaryny geçirmegiň ýygylygy ýylda dört gezege çenli köpeldildi. Olary üstünlikli tabşyranlara bellenen nusgadaky resminamalar berler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ykrar şahadatnamalarynyň nusgasynyň şekilleri görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we “Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ýurdumyzda, şeýle hem beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde ýokary hilli bilim almak we dürli hünärleri ele almak babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, raýatlarymyzyň daşary ýurtlarda alan döwrebap bilimleriniň we hünärleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ulanylmalydygyny belledi. Häzirki döwürde bu pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ministre degişli tabşyryklary, şol sanda dürli pudaklaryň ýokary hünärli işgärlere bolan isleglerini öwrenmäge we kanagatlandyrmaga, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmäge degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş edip, 2015-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamanyň taslamasy barada aýtdy. Bu taslamanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Içeri işler ministrligi, degişli ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda taýýarlanan şu Maksatnama ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna we şu ugurdaky işiň yzygiderli dowam etdirilmegine gönükdiriler. Mälim bolşy ýaly, iki ýyldan bäri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk guralýar, bu uly möçberli çäre Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna şu milli Maksatnamany we ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň Türkmenistanyň syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belläp, ýol hereketiniň howpsuzlygyna, adamlaryň saglygy üçin oňaýsyz ýagdaýlara alyp barýan ýol-ulag hadysalyrynyň öňüniň alynmagyna degişli meseleleriň çözülmegine jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli karara gol çekip, wise-premýere şu Maksatnamanyň we onda göz öňünde tutulan çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu barada aýtmak bilen, ilatyň arasynda, şol sanda mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň öwredilmegine, ýol-ulag hadysalary bilen baglylykda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi barada hasabat berip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu maksatnamada halkara maslahatlaryny, şol sanda belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagyndaky çäreleri, şeýle hem sergileri, medeni-sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda degişli guramaçylyk meselelerini çözmek boýunça çäreleriň görülýändigi habar berildi. Şeýle hem daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň 13-siniň geçirilendigi aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanda bellenilýän bu şanly senäniň ähmiýeti barada aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasynda berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Bitarap Türkmenistan oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parahatçylyk döredijilik kuwwatyny bütin adamzadyň abadançylygyna goýmaga çalyşýar we muny anyk işleri bilen tassyklaýar.

Ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň Bitarap Watanymyz dünýäniň ykrar edilen parahatçylyk döredijilikli merkezleriniň birine, iri halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine bolsa häzirki zamanyň wajyp meseleleri girizilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine şu maksatnamany durmuşa geçirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu dabaralara taýýarlyk görmek işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň çekilmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa mart aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine we Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli hünärlerde işleýän zenanlar bilen duşuşyklaryň geçiriljekdigini habar berdi. Sergilerde türkmen zenan suratkeşleriniň işleri görkeziler. Baýramçylyga gabatlanylyp mowzuklaýyn bäsleşikleriň jemleri jemlener. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary hem zenanlarymyza döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Olaryň çykyşlary Aşgabadyň we welaýatlaryň seýilgählerinde hem-de medeni dynç alyş merkezlerinde guralar.

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly milli däplerimize laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan dürli çäreler geçirmek meýilleşdirilýär. Däp bolşy ýaly, esasy dabara Ahal welaýatynyň Toý ýaýlasynda ýaýbaňlandyrylar. Şol ýerde ak öýler gurnalyp, bahar paslyny garşylamaga bagyşlanan we türkmen halkynyň milli mirasynyň köpöwüşginliligini görkezýän döredijilik çäreleri, sergiler we bäsleşikler geçiriler.

Mart aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleriniň hatarynda Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek medeni çäreler görkezildi. Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Mary welaýatyň merkezinde ýurdumyzyň gündogar sebitiniň sungat ussatlarynyň konserti bolar.

Mundan başga-da, wise-premýer durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli guraljak döredijilik çärelerine, jemgyýetçilik ähmiýetli wakalara we pudaklaýyn forumlara taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlarymyzy ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ähmiýetini nygtap, türkmen halkynyň milli medeniýetini mundan beýläk-de giňden wagyz etmek, milletara medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni düzümi giňeltmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemekde medeniýet edaralarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistanda bu ugurda uly tejribe toplanandygyny belledi. Munuň özi dünýäde milletimiziň baý ruhy mirasyny öwrenmek we wagyz etmek işinde oňyn netijelerini berýär.

Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralaryna we beýleki çärelere taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewi “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazönümçilik” birleşigi tarapyndan ilatyň sarp edýän tebigy gazyny hasaba almagyň tertibini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2014-nji ýylda tutuşlygyna ýurdumyz boýunça ilata gazyň sarp edilişini hasaplaýjy enjamlaryň 351 121-si oturdyldy. 2015-nji ýylda bu iş dowam etdirilýär we gaz hasaplaýyjy enjamlarynyň ýene-de 425 müňe golaýyny gurnamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna aýawly çemeleşmegiň, olary rejeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigini aýdyp, olara ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek we ýurdumyzda tebigy gazyň sarp edilişine netijeli gözegçiligi guramak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumlaryndaky işleriň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şol sanda wise-premýer “Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň zähmet düzgün-nyzamy hakyndaky” Düzgünnamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hasabat bermegiň barşynda demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, otlulary täzelemek we olaryň üstüni ýetirmek, degişli düzümi tutuşlygyna döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrlýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebitde köpugurly ulag gatnawlarynyň düzümini döretmäge işjeň gatnaşýandygyny belläp, şol düzümiň gatnaşyjy ýurtlaryň örän uly ykdysady kuwwatyndan peýdalanylmagyna we tutuş sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna we durmuş-ykdysady taýdan yzygilerli ösüşiň gazanylmagyna ýardam bermelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz demir ýol ulaglary pudagynyň dolandyrylmagyna döwrebap usullaryň giňden ornaşdyrylmagyna degişli meselelere ünsi çekip, onuň täze döwrüň talaplaryndan gelip çykýandygyny hem-de öňde goýlan wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete öwrülendigini aýtdy hem-de hödürlenen resminama gol çekip, wise-premýere şu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowa ýüzlenip, pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz demir ýol gatnawynyň howpsuzlygyny we bökdençsiz bolmagyny üpjün etmek, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin, zähmet düzgün-nyzamyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gowaçanyň ýaz ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär, sürüm işleri alnyp barylýar, topragy tekizlemek we mineral dökünler bilen gurplandyrmak çärelerine giň gerim berildi. Şunuň bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Olara ikinji ösüş suwy tutulýar we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär hem-de haşal otlara garşy göreş çäreleri durmuşa geçiilýär.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmk, biologik dürlüligi saklamak, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Degişli toplumlaýyn işler, şol sanda çöl ösümliklerini, agaç nahallaryny oturtmak, seýrek duş gelýän jandarlary köpeltmek, “Altyn asyr” Türkmen kölünde, “Köpetdag” we “Bereketli Garagum” goraghanalarynyň çäklerinde gyşlaýan guşlaryň görnüşlerini we sanyny kesgitlemek boýunça ýörite çäreler durmuşa geçirilýär.

Hasabatyň barşynda “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler hakynda aýdyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde we welaýatlarda saýaly, pürli we miweli baglaryň, üzümiň 3 million düýp nahalyny oturtmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilişini we ýokary hil derejesiniň üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegi, dänelik ekinlere degişli idegi üpjün etmegi tabşyrdy. Şunda, hormatly Prezidentimiz agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişine, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gök zolaklary döretmegiň täze tapgyryny alamatlandyrýan Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan köpçülikleýin bag ekmek maksatnamasynyň Watanymyzyň gülläp ösýän ýurda öwrülmegine, munuň daşky gurşawy goramakda möhüm wezipleriň oňyn çözülmegine, halkymyz üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow özüniň gözegçilik edýän ministrliklerinde we düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de 25-27-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Х Ýöriteleleşdirilen sergisini we türkmen-eýran işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde Eýran kompaniýalarynyň 120-sine wekilçilik edýän 300-e golaý işewürler bolar. Olar sergide dürli önümlerini, şol sanda tehnikalaryny we ýol gurluşygy we nebitgaz pudagy, elektrik energetika, suw arassalaýjy we gyzdyryjy ulgamlara degişli enjamlaryny, gurluşyk serişdelerini, şeýle hem ýeňil, ýük ulaglarynyň, ýolagçy ulaglaryň görnüşlerini, dokma we azyk önümlerini görkezerler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary, aýratyn-da, ýakyn goňşular bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat straregiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Soňky ýyllarda Eýran Yslam Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk has belent derejä çykdy. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň, türkmen-eýran işewürçilik forumlarynyň we paýtagtymyzda geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergileriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bardyr.

Geçirilýän çäreleriň baş maksadynyň ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň netije bermegine, eýran kompaniýalary bilen gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki işler boýunça hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew ýurdumyzyň welaýatlarynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi. Aýratyn-da, welaýatlaryň käbir etraplarynda bu maksatnamalarynyň çäklerinde medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň, binalaryň, köçeleriň we ýollaryň gurluşygynda kemçilikleriň bardygy hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz adamlar hakdaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň düýpli özgerdilmegine, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bu maksatnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň bu düzümleriň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýerlerde köpräk bolmagynyň, olaryň bilelikde netijeli iş alyp barmagynyň hem-de halkyň arasynda jemgyýetçilik-syýasy çäreleri yzygiderli guramagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz bilelikdäki işleriň halkyň arasynda sagdyn ýörelgesiniň berkarar edilmeginde, ýurdumyzda geçirilýän çärelere adamlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan uüpjün etmek boýunça geçirýän işi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, olaryň öz saýlawçylary bilen ysnyşykly işlemeginiň, sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş taslamalarynyň we döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki çäreleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew prokuratura edaralarynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň üpjün edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça geçirýän işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ekilen baglara ideg edilişine seljerme geçirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz prokuratura işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini, olaryň ýurdumyzda kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmalydyklaryny belläp, bu işe toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinde alnyp barylýan işlere, aýratyn-da, ekilen baglaryň ideg edilişine yzygiderli gözegçilik etmegi taşyrdy.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa ýüzlenip, geçirilen barlaglardan görnüşi ýaly, welaýatda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" laýyklykda gurlan birnäçe desgalaryň işe girizilmändigini aýtdy. Mysal üçin, 2013–2014-nji ýyllarda gurlan we dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen 37 sany desga häzire çenli hem işlemeýär. Olar işgärler bilen hem üpjün edilmändir. Bu desgalaryň arasynda mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýleri, şeýle hem oba adamlary üçin zerur bolan durmuş maksatly beýleki desgalar bar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaýyň ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem emele gelendigini belläp, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa, Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewe, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa geçen ýyl ulanmaga berlen, ýöne işe girizilmedik desgalaryň sanynyň Balkan welaýatynda 15-e, Daşoguz welaýatynda 11-e, Lebap welaýatynda 21-e, Mary welaýatynda 57-ä ýetýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine bu desgalaryň ählisini şu ýylyň iýul aýyna çenli işe girizmegi we ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryny welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky» karara gol çekip, P.Taganowy Ahal welaýaty boýunça jogapkär wezipesinden boşatdy. Ahal welaýaty boýunça jogapkär edip A.Ýazmyradow bellenildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça Lebap welaýaty boýunça jogapkär wezipesinden boşadyldy. Lebap welaýatyna jogapkär edip B.Ereşow bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir welaýaty boýunça olaryň ösüşine jogapkär adamlara öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen degişli işleri guramak boýunça käbir tabşyryklary berdi we wise-premýerlerden bellenen çäreleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi.

Milli Liderimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurlup, ulanmaga berlen desgalarda iýul aýyna çenli barlag geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, bu barlaga Mejlisiň deputatlarynyň hem gatnaşmalydygyny we geçirilen barlagyň netijeleri barada soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, desgalaryň bellenen möhletlerde işe girizlmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde goýlap wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirilmese, onda maglumatlaryň prokuratura edaralaryna geçiriljekdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmäge degişli iki sany karara gol çekendigini habar berdi. Häzirki döwürde Aşgabat şäherinde täze desgalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Gözel paýtagtymyz gözümiziň alnynda çalt depginler bilen özgerýär. Ozallar şeýle ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin birnäçe onýyllyklar gerek bolýardy. Bize häzirki ähli üstünliklerimizi sanlyja ýyllarda gazanmak başartdy.

Milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna çenli paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça öňümizde köp sanly ýerine ýetirilmeli işleriň durandygyny bellemek bilen, şu maksatlardan ugur alyp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine umumy ýolbaşçylyk etmegi we alnyp baryljak işleri gözegçilikde saklamagy Ş.Durdylyýewe tabşyrýardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlaryny Aşgabat şäheriniň etraplary boýunça jogapkär edip belledi. Şeýlelikde, S.Satlykow şäheriň Berkararlyk etrabynda, B.Hojamuhammedow we M.Artykow Köpetdag etrabynda, B.Ereşow we S.Toýlyýew Bagtyýarlyk etrabynda, A.Ýazmyradow we M.Ýazmuhammedowan Arçabil etrabynda, A.Goçyýew Ruhabat etrabynda, P.Taganow we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Abadan etrabynda meýilnamalara laýyklykda göz öňünde tutulan işleriň alnyp barlyşyna jogapkär edip bellenildi.

Meýilnamalara laýyklykda işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy iki ýylyň dowamynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Netijede, şäheriň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda oňyn düzüm özgertmeleri amala aşyrylar. Ösen ylmy-önümçilik ulgamlarynyň döredilmegi bilen, paýtagtymyzyň maýa goýumlary babatda özüne çekijiligi artar.

Şäheriň senagat pudagynda innowasiýalara esaslanýan önümçiligi düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça zerur işleriň geçiriljekdigi bellenildi. Aşgabat şäherinde döwrebap kärhanalar, howa menzili, köprüler we sowma ýollar gurlar. Önümleriň onlarça täze görnüşlerini öndürmek ýola goýlar.

Ilatyň ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilişi has-da gowulanar. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberinde paýtagtymyzyň paýy barha artar. Täjirçilik ugurlarynyň, maliýe, karz beriş we ätiýaçlandyryş işiniň, şeýle hem lomaý söwdanyň işjeňliginiň artdyrylmagy şäheriň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam berer.

Paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaý gory hem ep-esli artar. Has oňaýly, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary gurlar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan iri sebit merkezi hökmünde paýtagtymyzyň ähmiýeti has-da artar we tutýan orny berkär.

Paýtagtymyzda täze, häzirki zaman sport desgalaryny bina etmek boýunça hem köp işler amala aşyryldy. Bu ugurda geljekde has-da köp işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Täze guruljak sport desgalary V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem türgenlere we işjeň dynç almagy halaýan ähli adamlara sport bilen meşgullanmak üçin oňat şertleri döreder we bu desgalar geljek nesillerimize miras galar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Amala aşyryljak bu özgertmeler şäherde işewürligi we maýa goýum işjeňligini artdyrmaga ýardam eder. Paýtagtymyzyň ykdysadyýetine, ilkinji nobatda bolsa, ylmyň gazananlaryna esaslanýan pudaklara we senagat pudaklaryna uly möçberde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berer. Aşgabady halkara ulag-kommunikasiýa we Orta Aziýada möhüm üpjünçilik merkezleriniň birine öwrer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu gün möhüm ähmiýetl Maksatnamanyň – «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigini aýdyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen ozalky Oba milli maksatnamasynyň kabul edilenden bäri sekiz ýyla golaý wagt geçendigini ýatlatdy. Geçen ýyllaryň dowamynda ähli welaýatlarda zerur üpjünçilik ulgamlary bolan onlarça täze, döwrebap obalar guruldy.

Meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 163 sany hassahanany we saglyk merkezini, 57 sany medeniýet öýüni, 383 sany umumybilim berýän orta we sport mekdeplerini, 229 sany çagalar bagyny gurup, ulanmaga berdik. Ençeme kilometre uzaýan ýollaryň, suw geçirijileriniň, lagym ulgamlarynyň we ýaşamak üçin zerur bolan beýleki durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny üstünlikli tamamladyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda dürli desgalaryň gurluşygyna 6,5 milliard amerikan dollaryndan hem köp serişdeler gönükdirildi. Emma, wagt geçip barýar. Täze gurluşyk materiallary peýda bolýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri hem özgerýär. Oba milli maksatnamasynda öň göz öňünde tutulan ölçegler hem wagtyň geçmegi bilen könelişýär.

Şundan ugur alnyp, 2015–2020-nji ýyllar üçin Oba milli maksatnamasyny rejelenen görnüşde kabul etmek barada karara gelindi. Täze Maksatnamada göz öňünde tutulýan esasy wezipe öňküsi ýaly, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, şäher ilatynyň durmuş derejesine ýetirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Geçen ýyllarda ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. Şoňa görä-de, täze Maksatnamada has giň gerimli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmek zerur bolup durýar.

“Biz 2020-nji ýyla çenli 7,5 milliard amerikan dollaryndan hem köp möçberde serişdeleri özleşdirmegi göz öňünde tutýarys. Täze Maksatnama laýyklykda şol döwre çenli ýene-de 504 sany desgany gurmagy öňümizde wezipe edip goýýarys. Bu desgalaryň hatarynda meýdany 3 million inedördül metre golaý bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, ýollar we beýleki zerur üpjünçilik ulgamlary bar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilmeli işler ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň üstüne aýratyn jogapkärçiligi ýükleýändigine ünsi çekip, maksatnamada göz öňünde tutulan desgalaryň bellenen möhletlerde gurulmagy we maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagy üçin ähli ýolbaşçylardan berk talap ediljekdigini duýdurdy.

Hormatly Prezidentimiz baş prokuror A.Hallyýewe gurluşygy tamamlanan desgalaryň uzak wagtlap işe girizilmän saklanmagynyň sebäplerini seljermegi tabşyryp, şeýle ýagdaýyň döremegine ýol beren adamlaryň ählisine kanuna laýyklykda çäre görmegi we bu ugurda geçiren işleriňiz barada soňra hasabat bermegi talap etdi.

Wise-premýer A.Goçyýewe hem-de ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimowe rejelenen görnüşde kabul edilen Maksatnamanyň durmuşa geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

“Nesip bolsa, bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirenimizden soň, biz täze maksatnamany kabul ederis. Ähli obalarymyzy we şäherçelerimizi zerur bolan durmuş we medeni desgalar bilen doly üpjün etmek, adamlaryň ýaşamagy üçin ähli oňaýly şertleri döretmek biziň esasy maksadymyzdyr. Biz öňde goýan şu maksadymyza doly ýetýänçäk, bu ugurda alyp barýan işlerimizi yzygiderli dowam ederis” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu gün «Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmak hakyndaky» karara gol çekilendigini aýdyp, bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, 500 sany täze iş orunlarynyň dörejekdigini belledi. Kärhanada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin örän zerur bolan önümler öndüriler. Bu bolsa, bize aýna we aýna önümlerini satyn almak üçin sarp edýän erkin ýörgünli daşary ýurt pulundaky çykdajylarymyzy azaltmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly ýubileýiniň ýokary derejede geçiriljekdigi, V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmäge hem oňat taýýarlyk görüljekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz öňde uly wezipeleriň durýandygyny, olary durmuşa geçirmäge ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşilmelidini nygtap, ýolbaşçylaryň bu ugurda döredijilikli işlejekdiklerine, oňyn başlangyçlary öňe sürjekdiklerine, meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleri ýokary hilli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy üns bilen diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Hormatly Preidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter