Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

опубликованно 19.02.2015 // 1065 - просмотров
 

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ählihalk baýramçylygy — Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolan ýaşyl Tugumyz eziz Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň esaslarynyň mizemezligini, bir bitewi we jebis türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny özünde jemleýär. Bu beýik maksatlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän hem-de halkara bileleşiginiň ählumumy goldawyna we ykrar etmegine eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durandyr.

Eziz Watanymyz Türkmenistan asuda asmanda parlaýan Tugunyň astynda abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, bu ýolda täze sepgitleri eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu özgerişlikleriň miwelerini her bir ädimde görýäris. Türkmen topragy okgunly özgerip, ajaýyp gülläp ösýän baga öwrülýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpli özgerip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkeýär, halkyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Reňkiniň özi durmuşyň hem-de döredijiligiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan mukaddes Tugunyň astynda türkmen halky agzybir we joşgunly zähmet çekýär hem-de öz geljegine ynamly gadam urýar.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlikdäki baýdak sütüniniň ýanyna geldi, onda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mukaddes Tugumyza ajaýyp gül desselerini goýmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzy hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri mähirli garşylaýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly işewürler, şeýle hem köpsanly aşgabatlylar bar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazy astynda milli Tugumyz al-asmanda pasyrdap, dabara gatnaşyjylaryň kalbynda eziz Watanymyza bolan buýsanjy ganatlandyrýar.

Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde, gojaman Köpetdagyň eteginde oturdylan Döwlet baýdagymyz göze gelüwliligi bilen şäheriň islendik künjeginden aýdyň görünýär. Ol belentlikde säher şemalyna pasyrdap, milletimiziň mähriban Watanymyza bolan beýik söýgüsini, şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerine wepalylygyny, daş-töwerege nuryny saçyp, hakyky watançylyk we Watana bolan çäksiz söýgüsini alamatlandyrýan ruhy gymmatlygymyzy aýdyň äşgär etdi.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynda milletimiziň beýik taryhy, öçmejek milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşykly utgaşmagy öz beýanyny tapdy. Onuň ýüzündäki zeýtun şahajyklary Bitaraplygyň maksatlaryny alamatlandyrýar, şol maksatlar türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däplerine esaslanandyr. Agzybirligiň, ylalaşygyň we parahatçylygyň nyşanlarynyň Döwlet baýdagynda şekillendirilmegi dünýä taryhynda ilkinji gezek boldy. Ýeri gelende aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagynyň 20 ýyllygyna beslenen şu ýyl Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyza, milli Tugumyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Ýaşyl Tugumyz döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasaty netijesinde bu gün dünýäniň ähli künjeklerinde giňden tanalýar we hormatlanýar.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda ägirt uly Baýdak sütüniniň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, yzly-yzyna gül desselerini goýdular.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Olar türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygyny, eziz Watanymyzyň döredijilik ýoly bilen, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew badyny alamatlandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter