Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary we syýasatçylary Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarlar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary we syýasatçylary Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarlar

опубликованно 31.12.2017 // 917 - просмотров
 

Geçip barýan ýylda russiýa-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin köp işleri amala aşyrmak başartdy. Biziň Aşgabatda we Soçide bolan duşuşyklarymyz Russiýanyň we Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleriniň ýakyndygyny tassyklady. Ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin ähli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary bilelikdäki tagallalarymyz bilen geljekde hem ösdürjekdigimize ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň maşgalaňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy we rowaçlygy tüýs ýürekden arzuw edýärin - diýlip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlagynda aýdylýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze — 2018-nji ýyl gutlaglaryny iberdi.

Geçip barýan ýyl bilelikdäki tagallalaryň netijesinde köp ugurlarda belarus-türkmen gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösmegine beslendi. 2018-nji ýylda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine has-da berkejekdigine hem-de täze mazmun bilen baýlaşjakdygyna ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, jogapkärli döwlet işiňizde egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin – diýlip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gutlagynda aýdylýar.

Gazagystanyň halkynyň adyndan we öz adymdan Sizi Täze – 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, abadançylyk we döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin - diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew ýazýar.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen Liderini Täze ýyl bilen gutlady.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin- diýlip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gutlagynda aýdylýar.

Täze — 2018-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Size üstünlikleri, bagtyýarlygy we abadançylygy tüýs ýürekden arzuw edýärin -diýlip, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň gutlagynda aýdylýar.

Täze ýylda Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň halklarynyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli ugurlaryň ählisinde oňyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirýärin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny we döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin - diýip, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow ýazýar.

Geçip barýan ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdi. Bilelikdäki iri taslamalar durmuşa geçirilýär, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklar giňelýär. Sebitleriň arasynda peýdaly gatnaşyklar ýola goýuldy, telekeçilik bileleşikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşyklary dowam edýär. Köpugurly russiýa-türkmen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkidilip, täze giň gerimli başlangyçlary ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin- diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gutlagynda aýdylýar.

Şeýle hem GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştanmaýer, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Tereza Meý adamsy bilen, Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahor, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Andreý Kiska, Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Kersti Kalýulaýd, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani maşgalasy bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutladylar we iň gowy arzuwlaryny iberdirler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter