Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi

опубликованно 31.12.2017 // 1386 - просмотров
 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi köp çagaly enelere, dürli ýaşdaky maýyp adamlara, ýetim çagalara, gartaşan adamlar üçin öýlerde ýaşaýan ýaşuly adamlara, şeýle hem 80 ýaşdan ýokary bolan pensionerlere baýramcylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Meýletinçiler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen edaralara we öýlere baryp, jemi bahasy 800 müň manatdan gowrak bolan sowgatlaryň 25 müňden gowragyny gowşurdylar.

Haýyr-sahawat işleri köpasyrlyk türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugur täze ösüşe eýe boldy. Muňa 2017-nji ýylda Haýyr-sahawat işi hakyndaky kanunyň kabul edilmegi hem nobatdaky gezek şaýatlyk edýär, ol özleri hakynda alada edilmegine mätäç bolan adamlara guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň goldaw bermäge gönükdirilen işleriniň has netijeli bolmagyna ýardam berdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter