Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen

опубликованно 18.02.2015 // 753 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji feral (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň binasynda hormatly Prezidentimiziň tabyşyrygan laýyklykda Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary Wisente Lossertales bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara derejesindäki sergileri guramagyň ugurlary, ony ösdürmegiň geljekki baş wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işjeň geçen duşuşygyň barşynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň halkara derejesinde geçirilýän dünýä sergilerine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, sergileri guramak we geçirmek ugrunda bu ýerde zerur şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem myhman 2015-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi.

Dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we ösdürmegi esasy ugur edinýän Türkmenistan bu babatda durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyz milli ykdysadyýetismiziň ähli ulgamlary boýunça gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini giňden beýan etmek we dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bilen tanyşdyrmak işlerini yzygiderli ösdürýär we bu babatda alnyp barylýan çäreleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir hökmünde kesgitledi.

Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary şu ýylyň birinji maýynda Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde “EKSPO-2015” sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny we onuň barşynda Türkmenistanyň milli sergisine baryp görjekdigini habar berdi. Munuň özi bu ugurdan oňyn tejribe toplan Türkmenistanyň gazananlaryna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara hyzmatdaşlygyny we halkara derejesinde dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýan sergileri ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar bolan duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara sergiler edarasynyň arasynda bu ugurda geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmakda möhüm ädim bolan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter