Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek boýunça Karara gol çekdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek boýunça Karara gol çekdi

опубликованно 03.01.2018 // 1218 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Annabaýramowiç Annamuhammedow Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary – Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslangylyç Orazgyjyjowiç Gylyjow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter