Döwlet Baştutanlary we görnükli syýasatçylar hormatly Prezidentimize täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny iberýärler | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanlary we görnükli syýasatçylar hormatly Prezidentimize täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny iberýärler

опубликованно 03.01.2018 // 926 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Roždestwo we Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Mariano Rahoý,
Ispaniýa Patyşalygynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli meniň iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Narendra Modi,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Sizi Täze, 2018-nji ýyl bilen gutlaýaryn!

Li Kesýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Sizi Täze, 2018-nji ýyl bilen gutlaýaryn!

Çžan Deszýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň halk wekilleriniň Bütinhytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Täze, 2018-nji ýyl mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Goý, bu ýyl Siziň üçin aýdyň we oňyn wakalaryň, şowly başlangyçlaryň we belent sepgitlere ýetmegiň ýyly bolsun.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, hoşniýetlilik we abadançylyk arzuw edýärin.

Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2017-nji ýylda Russiýany we Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilendigini aýratyn belläsim gelýär. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine düýpli itergi berdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky russiýa-türkmen topary olaryň durmuşa geçirilişini üpjün etmek bilen işjeň meşgullanýar.

Türkmen kärdeşlerimiz bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilekdäki işi dowam etdirmäge taýýardyrys.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Täze ýylda Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sergeý Prihodko,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, 2018-nji ýyl Türkmenistanyň ösüşinde gazanylýan täze sepgitlere beslensin hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen şöhratlansyn!

Size we Türkmenistanyň tutuş halkyna hoşniýetlilik we parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Täze ýyl arzuwlary bilen bilelikde Size üýtgewsiz ünsüňiz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna berýän goldawyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Sergeý Lebedew,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size we Türkmenistanyň halkyna bagt we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, Ýer ýüzünde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmak baradaky ählumumy tagallalar bilen baglanyşykda Täze ýyl Siziň ýurduňyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary berkitsin!

Hose Grasiano da Silwa,
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň baş direktory.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter