Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda

опубликованно 05.01.2018 // 1662 - просмотров
 

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şäherde iri etraplary döretmek maksady bilen, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

1. Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplaryny ýatyrmaly we olaryň ýerlerini Aşgabat şäheriniň degişli etraplarynyň çäklerine geçirmeli.

2. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Büzmeýin adyny dakmaly we ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby diýip atlandyrmaly.

3. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň çäklerini şu kararyň goşundysyna laýyklykda bellemeli.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

5. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

6. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter