Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 09.02.2015 // 851 - просмотров
 

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi, amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, arassaçylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda hasabat berdi.

Hasabatynyň çäklerinde häkim paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, Aşgabadyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da, täze döredilen Arçabil etrapynda bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, şäheriň ähli künjeklerinde we onuň töwereklerinde bagy-bossanlygy döretmek babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy. Mundan başga-da, häkim Döwlet baýdagynyň gününi mynasyp garşylamak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şanly sene mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we bag ekmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny, onuň depgininiň güýçlendirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň täze döredilen etrabynda dolandyryş we hyzmat ediş edaralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň, şäherde binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly senäniň ýokary derejede garşylanylmagy, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy, ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bag ekmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeleri, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz durmuş gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek çärelerini örän jogapkärçilikli alyp barmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň dökün, suw we ýokary hilli tohum bilen üpjünçiligi baradaky meselä degip geçmek bilen, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, dürli görnüşli gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazygynda, Ahal welaýatynyň çäginde gurulýan möhüm desgalaryň ykdysadyýetimize oňyn täsiriniň boljakdygyny, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etjekdigini belledi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow döwlet Baştutanymyzyň welaýatda, aýratyn-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini netijeli alyp barmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnama laýyklykda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýaz ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada aýtdy.

Mundan başga-da, häkim hasabatyň çäklerinde Döwlet baýdagynyň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we welaýatyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalary gurmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem-de welaýatyň beýleki künjeklerinde saýaly agaçlar bilen bir hatarda, miweli baglaryň köpräk ekilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek maksady bilen degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gök önümleriň we beýleki oba hojalyk önümleriniň ösdürilip ýetişdirilýän mukdaryny artdyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görülmelidigini aýratyn belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeni-durmuş maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleri bilen tanşyp, olaryň gurluşygyna binalaryň ähmiýeti hem-de ekologiýa talaplary nukdaýnazaryndan örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli künjeklerinde Döwlet baýdagynyň gününi baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, demirgazyk sebitiň etraplarynyň çäklerinde bag ekmek işlerine görülýän taýýarlygyň barşy, ýazky meýdan işlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi. Mundan başga-da, ol Döwlet baýdagynyň gününi mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ähli künjeklerinde bag ekmek işleriniň jogapkärçilikli guralmagyny talap etdi. Milli Liderimiz medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny, şu ýyl durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk derejesiniň döwrüň ruhuna kybap gelmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekiş möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, kärendeçileriň dökün we ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün edilmelidigini, şeýle hem welaýatda gök önümlerini we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew gündogar sebitde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bag ekmek möwsümine taýýarlygyň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny we ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler hakynda aýtdy.

Hasabatyň barşynda häkim welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada-da durup geçdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda bag nahallaryny ekmek işlerine taýýarlyk çäreleriniň depginini güýçlendirmegi, kärendeçileriň zerur bolan serişdeler bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyny, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreleriň netijeli guralmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle-de welaýatda gök önümleriniň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Baýdak baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bag nahallaryny oturtmak boýunça ýazky möwsüme görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda häkim welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraljak medeni – köpçülik baýramçylyk çäreleri barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda hem bag ekmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň zerur dökün, suw we ýokary hilli tohum bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, gowaça ekişini öz wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň ýokary depginini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini köpräk ekmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmeginiň hormatyna meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet baýdagynyň baýramçylygy barada aýdylanda bolsa, oňa hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli taýýarlyk görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigine, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň talabydygyna ünsi çekmek bilen, öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegi üçin ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň degişli düzümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter