Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi

опубликованно 19.01.2018 // 1358 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda ulanmak maksady bilen, Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini iberendigi üçin çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi.

“Häzirki wagtda Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça bellenilen wezipeleri yzygiderli amala aşyrýar. Siziň bu maliýe goldawyňyzy hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek boýunça edýän tagallalaryňyzyň dowamy hökmünde kabul edýärin.

Siziň Yslam dünýäsinde we onuň çäklerinden daşarda Saud Arabystanyna uly abraý we hormat getiren syýasy we döwlet derejesindäki parasatlylygyňyz hem-de öňdengörüjiligiňiz ýurduňyzyň üstünlikli öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň, Gudraty Güýçli Allatagalanyň görkezen ýoly bilen ynamly gadam urmagynyň girewi bolup durýar.

Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak üçin bize täze mümkinçilikler döreýär. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky ysnyşykly medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň taryhy esaslary hem-de däpleri pugtalandyrylýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda çuňňur minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Onuň Alyhezretine Gudraty Güýçli Allatagaladan berk jan saglyk, uzak ömür, Saud Arabystanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter