Döwlet Baştutany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň günini bellemek baradaky teklibi goldady | TDH
Jemgyýet

Döwlet Baştutany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň günini bellemek baradaky teklibi goldady

опубликованно 19.01.2018 // 822 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güniniň baýramyny birleşdirmek baradaky teklibi goldady.

Senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Aýdogdyýewiň habar berşi ýaly, şu ýyl hünär baýramçylyklary mynasybetli haly we dokma önümleriniň ýöriteleşdirilen halkara sergileriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň baýramyny Türkmen halysynyň we dokma swenagatynyň işgärleriniň güni hökmünde bellemek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde dokma senagaty we haly pudaklarynyň işgärleriniň möhüm goşandynyň bardygyny belläp, ýokary hilli dokma hem-de türkmen eksportunda esasy orun eýeleýän nepis el halylaryň önümçiligindäki ýokary netijeleri gazanmak boýunça uly üstünlikleri gazanýan pudagyň işgärleriniň baýramçylygynyň - “Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň gününiň” maý aýynda bellenilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter