Mejlisiň wekiliýeti YHG-niň agzalarynyň Parlament birleşiginiň 13-nji mejlisine gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Mejlisiň wekiliýeti YHG-niň agzalarynyň Parlament birleşiginiň 13-nji mejlisine gatnaşdy

опубликованно 19.01.2018 // 1297 - просмотров
 

Türkmen wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament birleşiginiň musulman zenan parlamentarileriniň maslahatyna hem-de bu halkara düzümiň Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen 13-nji mejlisine gatnaşdy. Iş saparynyň jemleri barada hökümet ýygnagynda Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda parlamentara gatnaşyklar meselelerine ünsi çekip, bu ugruň durnukly ösüş babatda umumy wezipeleri çözmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýändigini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter