Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler | TDH
Ykdysadyýet

Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler

опубликованно 19.01.2018 // 825 - просмотров
 

31-nji ýanwar – 2-nji fewral aralygynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi geçiriler. Häzirki wagtda gözden geçirilişe daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Sergide tehnologiki enjamlar, gurluşyk serişdeleri, himiýa, energetika, nebitgaz senagaty hem-de azyk kärhanalary üçin awtoulag we tehniki serişdeler görkeziler. Durmuş tehnikasyny, dokma senagaty, saglygy goraýyş ulgamy üçin enjamlary öndürýän kompaniýalar hem-de ylym we kosmos tehnologiýalary, ulag we logistika pudaklarynda işleýän, söwda hyzmatlaryny hem-de maslahatlary berýän kärhanalar öz gazananlaryny hödürlärler.

Halkara sergi innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter