Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Mirýan şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Mirýan şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

опубликованно 26.01.2018 // 1304 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Ine ýurduň Mirýan şäherindäki hassahanada bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter