Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby - 2017-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap pul baýragyny alar | TDH
Ykdysadyýet

Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby - 2017-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap pul baýragyny alar

опубликованно 26.01.2018 // 1401 - просмотров
 

26-njy ýanwarda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň iň gowy etraby diýen at ugrundaky milli bäsleşigiň jemleri yglan edildi Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylyk edýän ýörite topary bäsleşigiň netijelerini jemlände, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, däne we pagta ýygnap almak boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň ulanylmaga berlişi ýaly görkezijileri göz öňünde tutdy. Şeýle hem ilaty iş bilen üpjün etmek, ekologiýa howpsuzlygy, ilatyň medeni dynç alşy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekilmegi, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýaly ugurlara üns berildi.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlarynyň seljerilmegini, şeýle hem bilermenleriň bahalaryny nazara almak bilen, ilki bilen her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat tapgyrynyň ýeňijileriniň arasynda 2017-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyp alyndy. Netijede, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlap, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter