Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

опубликованно 26.01.2018 // 1658 - просмотров
 

(2018-nji ýylyň 26-njy ýanwary)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Biziň işjeň Bitaraplyk, adalatlylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly gepleşikler arkaly we Birleşen Milletler Guramasynyň kabul edýän çözgütleriniň çäklerinde çözmek boýunça alyp barýan syýasatymyz netijesinde Garaşsyz Watanymyz häzirki döwürde bütin dünýäde barha giňden meşhurlyga we hormata eýe bolýar.

Biz sebit we halkara guramalar, hyzmatdaş ýurtlarymyz bilen işjeň gatnaşyk edýäris. Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty saýlap alan bu ýolumyzyň dogrudygyny subut edýär.

Biz geljekde hem bütin dünýäniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek syýasatymyzy alyp bararys. Milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli tagallalary ederis. Bu syýasat bolsa sebitde özara ynanyşmak, dostluk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmäge ýardam berýär.

Alyp barýan içeri syýasatymyz hem öz oňat netijelerini berýär. Geçen ýyly biz ykdysadyýetimiziň ösüşini we uly üstünlikleri gazanmak bilen tamamladyk. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,5 göterim boldy.

Häzir hem ykdysadyýetimize uly mukdarda, ýagny 50 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumlaryny goýýarys.

Hasabat döwründe daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 6,6 göterim köpeldi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede durnukly saklanýar. Hümmetsizlik hem bellenilen kadalaryň çäklerinde dur. Şol bir wagtyň özünde zähmet haklarynyň möçberi artdyryldy.

Ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Oba hojalygyny özgertmek boýunça görýän çärelerimiz hem netije berip başlaýar.

Berkarar Watanymyzda iri zawodlaryň we fabrikleriň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar.

Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Esasy gaz geçirijiler giň gerim bilen gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, ýokary derejeli myhmanhanalar we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar bina edilýär we ulanylmaga berilýär.

Raýatlarymyzyň pensiýalarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberleri artdyryldy. Ilatyň ähli gatlaklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy.

Bu zatlaryň ählisi biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň berýän netijesidir. Merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Umuman, käbir kynçylyklara garamazdan, geçen ýyl biziň üçin üstünlikli ýyl boldy diýip pikir edýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Ýaňy-ýakynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda biz ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny kabul etdik. Bu maksatnamany amala aşyrmagyň ilkinji ýyly ýetip geldi.

Nesip bolsa, şu ýyl hem biz gülläp ösýän Türkmenistan Watanymyzy kemala getirýän özgertmeler ýolumyzy dowam ederis. Şoňa görä-de, ýurdumyzy durnukly ösdürmek üçin, biziň öňümizde bar bolan ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi has doly hem-de netijeli ulanmak wezipesi durýar.

Şu wezipelerden ugur alyp, bazar gatnaşyklaryna geçmeli, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmeli. Işjeň telekeçiligi, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamaly. Bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmeli. Maliýe we bank ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmeli. Gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmeli.

Prezident maksatnamasynda bellenen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak göz öňünde tutulýar. Täze, döwrebap iri desgalary gurmak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Şoňa görä-de, G.Myradow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýyl ähli tagallalary işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga gönükdirmeli. Prezident maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gowy binýat döretmeli.

Munuň üçin maksatnamany amala aşyrmagyň ilkinji ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge esas hökmünde maýa goýumlaryny doly möçberde gönükdirmeli. Ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, hususan-da, ipoteka karzlary boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meseleleri ýurdumyzyň Hökümetiniň üns merkezinde bolmaly. Ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin, olara karz serişdelerini we ýer böleklerini bermek ulgamyny yzygiderli ösdürmeli.

G.Myradow, Siz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bu ugurda alyp barýan işlerini güýçlendirmeli.

Häzir her bir ministrligiň hem-de pudak edarasynyň şu ýyl üçin anyk maksatnamasy bar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bu maksatnamalaryň, aýratyn-da, Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamaly.

Hormatly Ministrler
Kabinetiniň agzalary!

Şu ýylyň dowamynda biz birnäçe halkara saparlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys. Biz beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetleri hem kabul ederis. Şeýle hem birnäçe halkara maslahatlary geçireris.

Şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, nesip bolsa, ýakyn wagtda, ýagny 7-nji fewralda Aşgabat şäheriniň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny dabaraly ýagdaýda açarys.

14-nji fewralda telekeçileriň täze edara merkezini, şeýle hem Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhanany ulanmaga bereris.

Fewral aýynyň 23-ine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbüni tutarys.

Fewral aýynyň 25-ine Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçireris. Aýyň 26-syna bolsa birbada üç sany sport ýaryşyna, ýagny «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallä, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bereris. Eýýäm aýdyp geçişim ýaly, men «Amul — Hazar 2018» atly awtomobil ýaryşynyň geçjek ugruny «Beýik Ýüpek ýoly» diýip atlandyrmagy teklip edýärin.

Şol gün Türkmenabat şäherinde täze gurlan halkara howa menzilini hem işe girizeris we bu howa menzilinden Aşgabada uçarys.

Mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary bolar. Aprel aýynda bolsa biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisini geçireris.

A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, siz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli.

Mart aýynyň 25-inde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmalydyr. Şu saýlawlara laýyklykda, biz aprel aýynyň başynda Maslahat köşgünde ýurdumyzyň täze düzümdäki Halk Maslahatynyň ilkinji guramaçylyk mejlisini geçirmelidiris.

Biz sentýabr aýynyň 15-inde Türkmenbaşy şäherinde halkara awtorallini we ylgaw ýaryşlaryny tamamlarys.

Şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky jemleýji bäsleşigi geçireris.

Sentýabr aýynyň 20 — 23-inde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşarys. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji sentýabrda, Halkara Bitaraplyk gününi bolsa 12-nji dekabrda uly dabaralara besläp, giňden belläp geçeris.

Göz öňünde tutulýan bu çäreler örän möhüm çärelerdir. Şoňa görä-de, olaryň ählisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin häzirden hemmeler düýpli taýýarlyk görmeli. Men ählimiziň el-ele berip, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2018-nji ýyl üçin kesgitlän täze sepgitlerimize ýetjekdigimize berk ynanýaryn.

Hormatly Ministrler
Kabinetiniň agzalary!

Ertir ýurdumyzda uly baýram bellenilýär. Şonuň üçin men öz adymdan, siziň adyňyzdan, halkymyzyň adyndan ýurdumyzyň her bir esgerini, her bir serkerdesini, harby hem hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Olara jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys.

Men size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter