Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 38,5 million ABŞ-niň dollaryna barabar boldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 38,5 million ABŞ-niň dollaryna barabar boldy

опубликованно 27.01.2018 // 937 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli dokma önümleri, nah ýüplük, hojalyk pamygy we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gyrgyzystan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 316 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Niderlandlaryň we beýleki ýurtlaryň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 218 müň manatlykdan gowrak bolan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter