Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary döwlet sylaglary bilen sylaglandy | TDH
Syýasat habarlary

Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary döwlet sylaglary bilen sylaglandy

опубликованно 27.01.2018 // 1373 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter