Türkmenistanyň Prezidenti Miloş Zemany Çehiýa Respublikasynyň Prezidentilige gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Miloş Zemany Çehiýa Respublikasynyň Prezidentilige gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

опубликованно 29.01.2018 // 1283 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Miloş Zemana onuň Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter