Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamyny ösdürmek we adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmek boýunça görkezme berdi | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamyny ösdürmek we adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmek boýunça görkezme berdi

опубликованно 15.01.2015 // 825 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hojalyk gatnaşyklary, täjirçilik geleşikleri bilen bagly jedelleri çözmek üçin özbaşdak hereket edýän orbitraž kazyýet ulgamynyň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Işewürlik gatnaşyklarynda emele gelýän söwda-ykdysady jedelleri bütin dünýäde edilişi ýaly, orbitraž edaralarynyň üsti bilen çözmek meselesine seretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň deputatlary bilen bolan duşuşykda eden çykyşynda aýtdy. Şu maksat bilen, orbitraž kazyýetini ýokary kazyýetiň düzüminden çykarmaly.

Kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz kanun çykaryjylaryň ünsüni kazyýetde işlere seredilende taraplaryň deňligini, kazyýet önümçiliginiň ähli döwürlerinde işe gatnaşyjylaryň hukuk kömeginden deň peýdalanmak mümkinçiligini giňeldýän täze kadalary kanunçylyga girizmäge çekdi. Bu babatda hereket edýän kadalar has anyk beýan edilmelidir. Kazyýet häkimiýetiniň we kazylaryň garaşsyzlygynyň ygtybarly bolmagyny gazanmaly.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adam hukuklarynyň garaşsyz institutlar tarapyndan goralmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Ýagny ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň bellenmegi konstitusion tertipde berkidilmegi baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklarda adalatyň üpjün edilmeginde täze derejäni şertlendirer.

Konstitusiýa laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kepili bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ygtyýarly wekiliň institutynyň döredilmegi döwlet Baştutanynyň bu ugurda alnyp barylýan işlerine uly goldaw berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter