Türkmenistanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamo Niýnistýony Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamo Niýnistýony Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

опубликованно 01.02.2018 // 1164 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sauli Wýaýnýamo Niýnistýo onuň Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter