2018-nji ýylda 2030 tonna çig pile öndüriler | TDH
Syýasat habarlary

2018-nji ýylda 2030 tonna çig pile öndüriler

опубликованно 09.02.2018 // 1276 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2018-nji ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Dokma senagaty ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Welaýatlaryň häkimliklerine şu Karara laýyklykda, şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter