TNGIZT-niň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy | TDH
Ykdysadyýet

TNGIZT-niň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy

опубликованно 10.02.2018 // 1016 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Pakistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 585 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Kanadadan, BAE-den we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 5 million 912 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter