Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak işleri geçiriler | TDH
Syýasat habarlary

Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak işleri geçiriler

опубликованно 12.02.2018 // 1387 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Türkmennebit” döwlet konsernine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişldeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan işleri ýerine ýetirmegiň Tertibini işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter